• Berdimuhamedow  ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy isleýär

Berdimuhamedow ÝOJ-laryň rektorlaryna ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy buýurdy.

  TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutany AST pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe we Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, ÝOJ-yň alymlarynyň we mugallymlarynyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça netijeli tekliplerini taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmek barada

Wise-premýer Pürli Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa regionlarda haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmalydygy baradaky meseleleri öwrenmek,  arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Wise-premýer Goçmyrat Myradowa hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek  tabşyryldy.

Wise-premýer Mämmethan Çakyýewe hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, prezident ýurduň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň ösdürilmegi boýunça teklip taýýarlamak taýýarlamak täbşyryldy.

Şeýle-de prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň wekilleri hünärmenleri taýýarlamagyň iň netijeli usullary bilen tanyşmak üçin Rumyniýa ugradylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda hem geçiren hökümet maslahataynda 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti meselesini gozgady. Bu dokument ýakyn wagtda taýýar edilmeli.

TDH-nyň habar bermegine görä, prezident Döwlet býujetinde ähli etraplarda we şäherlerde aýratyn mätäçlere niýetlenen jaýlaryň gurulmagy üçin serişdeleriň bellenmegini tabşyrdy.

Az girdejili adamlar üçin niýetlenen jaýlaryň gurulmagy boýunça beýleki jikme-jiklikler häzirlikçe aýdylmaýar.

 

 

 

Tag

23 Oktýabr 2018, 09:24
Teswirler