• “Türkmengaz” we “Gazprom” gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyk baglaşar

Türkmenistanyň “Türkmengazy” we Russiýa Federasiýasynyň “Gazpromy” gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyk baglaşar

ТАСС habar gullugynyň Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewe salgylanyp berýän habaryna görä, “Türkmengaz” we “Gazprom”, belki-de,  Stokgolmdaky arbitraž sudunda gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyga gelerler.

“Meniň pikirimçe, oňşukly ylalaşyk bolar” – diýip, ТАСС Kakaýewi sitirleýär.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň  hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko we “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Millet duşuşygyň netijeleri barada gürrüň edip, türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan satyn alnyp başlanmakçydygyny aýtdy.

Satyn alynjak gazyň möçberi hakynda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” alan gazynyň bahasyny tölemeýändigini aýtdy we rus konsernini tölege ukypsyz  diýip yglan etdi.

“Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini we $5milliard  möçerindäki tölegiň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Stokgolmdaky arbitaz  suduna şikaýat arzasyny berdi.

Türkmen gazynyň Orsýete iberilmeginiň dikeldilmek mümkinçili barada RF-nyň Energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý 2018-nji ýylyň iýulynda, Aktauda boljak duşuşygyň iki hepde öňünden gürrüň berdi . Şondan iki hepde soň Aktauda Kaspiniň hukuk durmy baradaky konwensiýa gol çekildi.

Ýatladýarys, Ýanowskiý 2018-nji ýylyň fewralynda Orsýetiň türkmen gazyny satyn almagy 2019-njy ýyla çenli diketmegi niýet edinmeýändigini aýdypdy.

“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” gaz töleglerini tölemeýändigini aýtdy we rus kompaniýasyny tölege ukypsyz diýip yglan etdi. “Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat arzasyny  berip, Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini we artyk tölenen $5 mlrd  serişdäniň yzyna berilmegini talap etdi.

“Gazprom” 2016-njy ýylyň başynda türkmen gazyny satyna almagyny bes etdi we şol ýylyň özünde “Uzbakneftgaz” kompaniýasyndan  gaz satyn almak baradaky şertnama gol çekdi. 

 

Tag

14 Noýabr 2018, 08:23
Teswirler