• Aşgabatda gaz we suw ölçeýjileri gyssagly oturtmak dowam edýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda gaz we suw ölçeýji gurallary oturtmak işleri ýokary tizlikde dowam etdirilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, irden jaýlaryň ýanyna hasaplaýjy gurallar ýüklenen ýük maşynlary we kebşirleýjiler brigadasy gelýär. Gaz edarasynyň we öý dolandyryş hojalygynyň  işgärleri öýlere ýalanyp, ýaşaýjylara ölçeýji gurallary häziriň özünde oturtmagy teklip edýärler. Olar bu gurallaryň oturtmagyň “soňra gymmat bolajagyny” aýdýarlar.

“Size jerime ýazarys, üstesine ölçeýji gurallar hem gymmatlap biler” diýip, öý edarasynyň işgärleri ýaşaýjylara duýdurýarlar.

Ýerli dolandyryş edaraalrynyň işgärleriniň sözlerine görä, ulanylan gazyň we suwuň möçberlerini hasaplamak indiki ýylyň ýanwaryndan başlanar we şoňa çenli ölçeýlileriň doly oturdylyp çykylmagy gerek.

Işçileriň edýän gürrüňlerinden çen tutulsa, öý edralarynda häzir ber-başagaýlyk dowam edýär. Olar işlerine ýetişmeýändiklerini aýdyp zeýrenýärler, ýolbaşçylar bolsa hemişe gyssaýarlar we kwartiralarda nähili ölçeýjileriň oturdylandygyny gaýta-gaýta barlaýarlar. Jemegat hojalygynyň işgärleri jaýlara aýlanyp, kimlere ölçeýji oturdylandygy barada özleri üçin bellik edýärler. Emma ertesi büni başga bir brigada gelýär we ýene şol bir kwartiralary barlap, özleri üçin bellik edýär. Şu aralykda beýleki welaýatlaryň gaz edralarynyň işgärleri aşgabatly kärdeşlerine kömekleşmäge iberildi.

Ölçeýjiler oturdylanda gazçylar turbadan “keseki” enjamlaryň – gaz kolonkolarynyň, peçleriň ýa kaminleriň ählisini kesýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, muňa rugsat edilmeýär, ýagny  “болонок”

Barlagçylar köplenç prokuratura işgärleri bilen gelýär.

Gaz ölçeýjini oturtmak 300-den 330 manada pula düşýär: 260 – ölçeýji guralyň bahasy,  18 -tehniki howsuzlyk düzgünileri ýazylan we  tablisaly depderçe, oňa geljekde ölçeýjiniň görkezijileri we ähli barlaglarynyň netijeleri ýazylmaly. Mundan başga, ölçeýjiniň oturdylandygy üçin, düşnüksiz sebäplere görä, 20 manatdan 50 manat aralygynda, tapawutly nyrhlarda töleg etmeli.

Puly bolman ölçeýji oturdyrmakdan boýun gaçyranlara ölçeýjini nähili bolanda hem oturtmaly boljakdyklaryny, emma soň brigadany aýratynlykda çagyrsalar, montaž işleriniň eýýäm 150 manada düşjegini aýdyp, gorkuzýarlar.

Suw ölçeýji gural, oturdylmasy bilen 240 manada düşýär.

 

Tag

19 Noýabr 2018, 13:20
Teswirler