• Tramp ýenede ,saudylardan paç aljak bolýar

Jamal Haşogçyň öldürilmeginde Saud Arabystanyň mirasdüşeri rol oýnanlygyndan Amerikanyň prezidentin Donald Trampyň gözüni ýumup onuň garşysynda ýumşak durmagy,Amerikaň kongres agzalarynyň köpüsiniň nägile bolmaklaryna baryp çatdy.

Saud Arabystanly tankytçy žurnalist Jamal Haşogçyň öldürilmeginde Saud Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Ben Salmanyň rol oýnanlygyndan Amerikanyň prezidentin Donald Trampyň gözüni ýumup onuň garşysynda ýumşak durmagy,Amerikaň kongres agzalarynyň köpüsiniň nägile bolmaklaryna baryp çatdy. Arabystanly tankytçy žurnalist Jamal Haşogçy oktýabr aýyň 2-njy güninde Türkiýäň  Stanbul şäherinde Arbystanyň konsulçylygna girmeginden soň ýytyrym boldy.Saud režimi bolsa 18 gün dymyp oturmagynda we Jamal Haşogçyň öldürlendigini ret etmeginden soň bütin dünýä köpçiliginiň beren agramy babatly ,Oktiýabryň 19-ynda beren habarynda Jamal Haşogçyň  Arabystanyň konsulçylygynda öldürlendigini yglan etdi.Tramp ,Haşogçyň öldürilmeginiň dusyýesine,saudylardan her-ne köpräk paç alyp olary sagmagy üçin bir pursat höküminde gözleýändir.şu ugurda Amerikaň prezidenti Donald Tramp ,Haşogçyň öldürlenligi  üçin Arabystanyň tankyt edilmeginiň garşysynda Riýaza hemaýat berýändigini yglan etmeginden bir gün soň ,ýaňadan Saud Arabystanda paç almagyny isledi.Tramp twiter sahypasynda nebitiň bahasynyň aşak gaçmagy sebäpli Arabystanda gadyrdanlyk etýändigini emma nebitiň bahasyna ýenede aşak gaçyrmagynň gowydygyny ýazdy.Tramp ,tankytçy žurnalist Jamal Haşogçyň öldürilmeginde Saud Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Ben Salmanyň buýruk bermekde aýyplanmagy bilende ,Arabystana berýän hemaýatynyň dowam etmegi uguryndaky tutumyny ,nebitiň bahasynyň aşak saklanylmagy uguryndaky islegine ilteşdirdi.şeýle halda Amerikaň merkezi şpionçylyk  guramasy SIA ,öz barlak işlerinde ,Jamal Haşogçyň öldürilmegi üçin Ben Salmanyň tarapyndan buýruk berilendigine ýetik bolandygyny yglan edendir.Donald Trampyň hem iki ýüzli gürrüňleri aýtmagyna sebäp bolan şeýle habaryň ýaýramagy ,Saud režimine agyr zarba urandyr.hakykatda indi Amerikaň kongresi hasda Sena mejlisi ,bu ýurduň SIA guramasynyň beren habaryna üns berip Haşogçyň öldürilmeginiň bütin görümleriniň ylaýtada bu meselede Saud Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Ben Salmanyň oýnan rolynyň aýdyň bolmagyny isländir.şu ugurda Amerikanyň Sena mejlisiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Korker bilen demokrat partiýanyň ýokary derejeli senatorlardan bolýan Bob Menendez,Amerikaň prezidenti Donald Trampa hat ýazyp , Saud Arabystanly tankytçy žurnalist  Jamal Haşogçyň öldürilmeginde Saud Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Ben Salmanyň göni ýa-da göni bolmadyk rolynyň aýdyň edilmegini islediler.aýtmak gerek Trampyň geçen ýyl Arabystana eden saparyndan soň ,Saudylar, Amerikada  450 milýard $  maýa goýjakdyklaryny  aýdypdylar . bu mesele bolsa Trampyň gözläp ýören pursaty.hakykatda amerikaly kanun düzijileriň ynamyna görä ,Trampyň Saud režimi tankyt etmeginiň ýerine Eýrany aýyplamagy,Amerikaň abraýyny alandyr we bu ýurduň adam hukuga hemaýat berýänligi baradaky toslamasynyň düýpden ýalandygyny belli edendir.

Tag

26 Noýabr 2018, 10:22
Teswirler