• Berdimuhamedow “Gazpromyň” başlygy bilen maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji noýabrda “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul edip, onuň bilen rus kompaniýasynyň türkmen gazyny satyna almagyny dikeltmek barada maslahatlaşdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meselelerde “Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler”.

Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, «Orta Aziýa — Merkez» gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, neşir ýazýar.

Emma TDH satyn alynmakçy bolýan gazyn möçberi we bahalary hakynda maslahat edildimi ýa ýok, bu barada hiç zat aýtmaýar.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Alekseý Moiller, şeýle-de rus hökümetiniň diwanyny başlygy Konstantin Çuýçenko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň neyijeleri boýunça Miller türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan gaýtadan satyn alnyp başlanmagynyň planlaşdyrylýandygyny, alynjak gazyň möçberi we bahasy hakynda “ýakyn wagtda” gepleşiljekdigini aýtdy.  

Ozal hem ТАСС habar gullugynyň Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewe salgylanyp beren habaryna görä, “Türkmengaz” we “Gazprom”, belki-de,  Stokgolmdaky arbitraž sudunda gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyga gelerler.

“Meniň pikirimçe, oňşukly ylalaşyk bolar” – diýip, ТАСС Kakaýewi sitirleýär.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň  hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko we “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Millet duşuşygyň netijeleri barada gürrüň edip, türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan satyn alnyp başlanmakçydygyny aýtdy.

Satyn alynjak gazyň möçberi hakynda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” alan gazynyň bahasyny tölemeýändigini aýtdy we rus konsernini tölege ukypsy  diýip yglan etdi.

“Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini we $5 milliard   möçerindäki tölegiň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, Stokgolmdaky arbitaz  suduna şikaýat arzasyny berdi.

“Gazprom” 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny satyn almagyny bes etdi.

 

Tag

01 Dekabr 2018, 09:16
Teswirler