• Türkmenistanyň 2019-njy ýyldaky býujeti 12 mlrd manat kemeldi

Türkmenistanyň Mejlisi 2019-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda maslahat geçirdi we 2019-njy ýyldaky býujeti 12 mlrd manat kemeldi

Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýylyň döwlet býujetini kabul etdi. Onuň girdejili bölegi 83 868,3 million manada barabar, çykdajylary hem “şuňa meňzeş möçberde” planlaşdyryldy diýip, TDH habar berýär.

Belleýäris, 2018-nji ýylda döwlet býujetiniň girdejileri  95 508,5 million manat möçberinde planlaşdyryldy,2017-nji ýylda bolsa – 103 571,6 manat möçberinde planlaşdyryldy.

2019-njy ýylyň girdejisi dollar ekwiwalentinde döwlet kursunda $29,96 milliard bolmaly (1 dollar 3,5 manat) ýa-da “gara bazar” kursunda ( 1 dollar 18 manat)  $4,66 milliard bolmaly. Bazar kursy boçunça hasaplananda, döwlet býujeti dollar hasabynda 2018-nji ýylda $11,2 milliard bolanlygyndan $4,66 millarda çenli (häziki bahalara görä gaýtadan hasaplananda) ýa-da 60%-e çenli azalýar.

2019-njy ýylyň býujeti bilen bir wagtda 2017-nji ýylyň býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hem karar kabul edildi. TDH-nyň ýazmagyna görä, 2017-nji ýylda býujet girdejiler boýunça  85 894 633 müň manat mňçberinde we çykdajylar boýunça  85 879 577 müň manat möçberinde ýerine ýetirildi Ýagny, 2017-nji ýylda planlaşdyrylan 103,5 milliard manatdan 85,8 milliard manat geldi.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryny, döwletiň durmuş taýdan üpjün ediş ulgamyny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Munuň özi baş maliýe resminamasynyň, däp boýunça, durmuş ugurlylygyny saklaýandygyna hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. 2018-njy ýylda hem Iri möçberli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmak, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, durmuş-medeni ähmiýetli, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümlerine degişli möhüm desgalary bina etmek üçin býujetde   uly möçberli maýa goýumlar göz öňünde tutuldy. Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, işgärleriň zähmet iş hakynyň, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy üçin serişdeler meýilleşdirildi. 

TDH-nyň ýazmagyna görä, kararlaryň ählisi deputatlar tarapyndan biragyzdan karar edildi. Mejlisiň mejlisi şowhunly elçarpyşmalar astynda, “Arkadaga şöhrat” diýip gyrgyrylmagy bilen tamamlandy.

Tag

05 Dekabr 2018, 09:07
Teswirler