14 Mart 2019, 19:24
  • Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlarynyň özara gelip gitmek meseleleri hakda

Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri Ankarada öz raýatlarynyň Türkiýä gelip gitmek meselelerini maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlarynyň özara gelip gitmek meseleleri hem aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-i  habar berýär.

Türk tarapynyň wekiliýetine Türkiýäniň DIM-niň Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça müdirliginiň başlygy Ýönet Jan Tezel, türkmen tarapyna DIM-niň başlygynyň orunbasary Wepa Hajyýew baştutanlyk etdi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.

Şeýle-de, özara gyzyklanma bildirilýän regional we halkara meselelerine seredildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti günüň ikinji ýarymynda Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşygyň ýagdaýyna seljerme geçirdiler.

Belleýäris, Türkmenistanyň zähmet migrantlarynyň aglaba köplügi Türkiýä gidýär, rus raýatlaryndan tapawutlylykda, türkmen raýatlaryndan ol ýerde wiza soralmaýar.

 

 

Tag

Teswirler