18 Mart 2019, 16:02
  • Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri 2 taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelri barada maslahat etdiler

Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri energiýa, nebit we gaz, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler.

16-njy martda Aşgabatda Türkmen-bahreýn işewürlik maslahaty başlanyp, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edralarynyň arasynda energiýa, nebit we gaz, himiýa senagaty, oba hojalygy we syýahatçylyk pudaklary hakynda gepleşikler geçirildi.

Bahreýn patyşalygynyň elektrik energiýasy we suw serişdeleri ministi Abdel Huseýn ben Ali Miraza bilen Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we hemegat hojalygy boýunça wise-premýeriniň we energetika ministriniň arasynda bolan duşuşykda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelri maslahatlaşdyldy.

 TDH-nyň habar bermegine görä, Bahreýn patyşalygynyň elektrik energiýasy we suw serişdeleri ministri Garagumda “Altyn asyr” kölüni   döretmek işiniň beren netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga, Bahreýn patyşalygynyň nebit ministri, milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, şeýh Mohamed bin Halifa bin Ahmed al Halifanyň ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynda energiýa pudagynda, nebit-gaz we gaz-himiýa senagatlarynda hyzmatdaşlyk etmek ugurlary maslahatlaşdyldy.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň başlyklary на  «Gulf Petrochemical Industries» nebit-himiýa kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlyk perspektiwalaryny maslahatlaşdy.

Transport we aragatnaşyk boýunça wise-premýeriň orunbasarynyň we Türkmenistanyň senagat we aragatnaşyk ministriniň bahraýn patyşalygynyň senagat, söwda we syýahat ministri Zaýed bin Raşid Al-Zaýýani bilen söhbetdeşliginde türkmen önümlerini daşarky bazarlarda ilerletmek we ýurduň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Özara hyzmatdaşlyň gelejegi bar bolan ugurlaryň arasynda syýahatçylyk hem agzaldy we Bahreýn patyşalygynyň senagat, söwda we syýahatçylyk ministri bilen Döwlet syaýahatçylyk komitetiniň başlygynyň arasynda bolan duşuşykda bu ugry ösdümek hakynda pikir alşyldy. Myhmanlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. .

Türkmen tarapynyň Bahreýn patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy bilen bolan duşuşygynda ýerli önüm öndürijileriň harytlaryny Baýreýniň bazarlaryna eksport edilmek mümkinçiliklerine basym berildi.

Bahreýn patyşalygynyň “Salam” banky bilen Döwlet daşary ykdysady iş gatnaşyklary bankynyň wekilleriniň arasynda Baýreýniň maliýe gurluşlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky işleri giňeltmek mümkinçilikleri hakynda gepleşikler egçirildi.

Bahreýn patyşalygynyň “Kalaam” telekommunikasiýa kompaniýasynyň başlygy bilen Senegat we aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň arasynda bolan duşuşykda Türkmenistanda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşdyldy.

 

 

Tag

Teswirler