• ýadro ylalaşygyň Wenadaky maslahatynyň beýannamasy

ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasy bir beýannama boýunça Eýran bilen täsirli ykdysady we maliýe gatnaşyklaryň ugurlarynyň goralmagyny nygtady.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasy Wenada geçiren maslahatynyň soňunda bir beýannama boýunça Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryň goralmagyny we ösdürilmegini nygtady.

Eýran bilen täsirli maliýe kanallaryň dowam etdirilmegi, nebit we suwuklandyrlan gazyň  we petrohimiýa maddalaryň eksportynyň dowam etdirilmegi, deňiz üstünli ýük daşaýyş işleriň dowam etdirilmegi we gury ýer, howa we demir ýol tranzitiň işjeňleşdirilmegi ýadro ylalaşygyň bilelikdäki komissiýasynyň soňky beýannamasynda nygtalyp geçilen möhüm meselelerdendir.

bu beýannamada şeýle-de Eýran bilen söwda edýän taraplaryň ylaýtada kiçi we ortamiýana kompanilaryň goldanjakdyklary nygtalandyr.

ýadro ylalaşygyň düzümindäki ýurtlar Wena maslahatynda ýadro ylalaşygyny kämil amala aşyrmak baradaky ygrarynda durandyklaryny yglan etdiler.

06 Iýul 2018, 22:14
Teswirler