• Owganystanyň Gardiz şäheriniň juma metjidinde amala aşyrlan terrorçylykly hüjüm

Owganystanyň Paktiýa welaýatynyň Gardiz şäheriniň juma metjidine garşy amala aşyrlan terrorçylykly hüjümde onlarça adam öldi ýada ýaraly boldy.

şu gün Owganystanyň Paktiýa welaýatynyň Gardiz şäheriniň hoja Hesen adyndaky juma metjidinde amala aşyrlan terrorçylykly hüjümde azyndan 25 adam öldi we 40 adam hem ýaraly boldy.

Paktiýa welaýatynyň polisiýasynyň metbugat wekili Wali Tabassom iki terrorçy Hoja hesen metjidine girip deslap ilata garşy ok atdylar soňra öz endamlaryna baglan bombalary partlatdylar diýip habar berdi.

şu wagta çenli hiç bir topar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandäldir.

03 Awgust 2018, 19:06
Teswirler