• Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran täze gadaganlyklary bilen bir wagtda nebitiň bahasy artdy

Waşington döwletiniň Tehrana garşy amala aşyran täze gadaganlyklary bilen bir wagtda dünýä bazarlarynda nebitiň gymmaty ýokarlandy.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň Eýrana garşy täze gadaganlyklary hemde Iýul aýnda Saud Arabystanyň nebi önüminiň azalmagy baradaky habarlaryň neşir bolmagyndan soňra West Texas Intermediate bazarynda ýeňil nebitiň gymmaty 52 sent ýokarlanyp 69 bütin ýüzden bir dollara ýetdi.

London bazarynda hem Brent nebitiň gymmaty çelek başyna 73 dollar 75 sente ýetdi.Amerika döwleti şu günden Eýrana garşy täze gadaganlyklaryny amala aşyryp başlady.

Arabystan öňki toslamasynyň tersine nebit önümini artdyrmagyň deregine nebitiniň önümini günde 189 müň çelek azaldandyr.

07 Awgust 2018, 17:12
Teswirler