• Waşingtonyň Eýrana garşy duşmançylygynyň dowamy

Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo bu ýurdyň Eýrana garşy syýasatlarynyň çarçuwasynda Amerikanyň daşary işler ministrliginde Eýran barada iş toparyň döredilenligini habar berdi.

Maýk Pompeo habar konferensiýasynda  eden çykyşynda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýran baradaky syýasatlaryny utgaşdyrmak maksady bilen ýörite toparyň gurylanlygyny yglan etmek bilen Eýran barada iş toparyň başlygy hem Amerikanyň daşary işler ministrliginiň syýasat bölüminiň müdiri Brian Hookdyr diýip beýan etdi.

maýk Pompeo sözüniň dowamynda Ortagündogardaky we dünýädäki çaknyşyklaryň we zorlukly hereketleriň sebäpkäri Eýrandyr diýip toslady.

brian Hook hem hem düýn beren gürrüňlerinde Eýran baradaky iş topary Donald Trampyň Eýran baradaky syýasatlaryna üns berjekdigini aýdyp Waşington döwleti Eýranyň nebit eksportyny kämil ýatyrmak ugurda tagalla etjekdir diýip yglan etdi.

17 Awgust 2018, 17:21
Teswirler