• Ýewropa komisýasy ýadro ylalaşygyny goramak ugurda Eýrana 18 million ýoro kömek edýär

Ýewropa Bileleşigi Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan gadaganlyklarynyň täsirlerini azaltmak maksady bilen Eýrana 18 million ýoro kömek etmek baradaky teklibi tasyklady.

Ýewropa Bileleşiginiň jemi 50 million ýoro kömeginiň deslapky tapgyrynda 18 millon ýoro Eýrana gowşuryljakdyr.

18 millon ýoronyň 8 ýorosy Eýranyň hususy bölümlerini goldamaklyga we Eýranyň söwda ösüş guramasyna tehniki kömekleri ýetirmeklige ýöriteleşdiriljekdir we ýene-de 8 million ýorosy hem daşky gurşawy ugurdaky praýektlere ýöriteleşdiriljekdir we iki million ýorosy hem neşe maddalaryň gaçak edilmegine garşy göreşmek ugurda sarp ediljekdir.

Tag

23 Awgust 2018, 21:06
Teswirler