• Birleşen Milletler Guramasy Ýemenli çagalaryň gyrana berilmegini ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň ynsanperwer işleri boýunça orunbasary Mark Lowcock Al-saud režiminiň Ýemeniň Al-Hodaýda welaýatynyň Al-doraihemi etrapynda amala aşyran soňky jenaýatyny ýazgarmak bilen bir wagtda bu jenaýatda onlarça çaga aradan çykandyr diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň ynsanperwer işleri boýunça orunbasary Mark Lowcock sözüniň dowamynda soňky iki hepdäniň boýunda Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşiginiň Ýemende amala aşyran hüjümlerinde iki gezek harby bolmadyk onlarça adam gyrana berilendir diýip nygtady.

Arabystanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň Al-doraihemi etrabynyň Al-Kui sebitinde Ýemenli awaralara degişli iki awto ulaga garşy hüjüminde 27 çaga we 4 zenan aradan çykdy.

bu jenaýatyň yzy bilen Brleşen Milletler Guramasynyň çagalar gaznasy Tuitter sahypasynda Ýemenli çagalara garşy zorlukly hereketler we jenaýatlar haçan tamam bolýar diýip ýazdy. Brleşen Milletler Guramasynyň çagalar gaznasy bu jenaýaty ýazgardy.

 

25 Awgust 2018, 15:41
Teswirler