• Waşington döwleti palestinalylara berýän maliýe kömegini ýatyrdy

Amerikanyň daşary işler ministrliginiň bir resmisi öten agşam Waşington döwletiniň Gaza zolagyna we Iordaniýa akarynyň günbatar kenaryna berýän 200 millon dollar kömeginiň ýatyrlanlygyny yglan etdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä adynyň aýdylmagyny islemedik Amerikanyň ýaňky resmisi rýuterz habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Waşington döwleti Palestinalylara beýän 200 million dolla kömegini başga ugurlarda sarp etjekdir diýdi.

Waşington döwleti 16-njy ýanwarda hem palestina milletine garşy duşmançylyklarynyň dowamynda palestinaly awaralara meded ýetirýän guramasyna wada beren 65 million dollar kömeginden dänipdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Palestinalylary asyryň söwdasy adyndaky ylalaşyga mejbur etmek maksady bilen Palestina garşy syýasatlaryna badalga berendir.

25 Awgust 2018, 20:02
Teswirler