• Owganystanda Kongo keseli babatly onlarça adam öldi

Owganystanyň saglygy goraýyş ministrligi Kongo gyzzyrma keseli babatly bu ýurtda 34 adamyň aradan çykanlygyny habar berdi.

şu gün Owganystanyň saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä ýaňky 34 adam geçen 6 aýlykda bu ýurdyň dürli sebitlerinde şol sanda harat we kabul welaýatlarynda aradan çykandyrlar.

Owganystanyň saglygy goraýyş ministrligi şeýle-de geçen 6 aýda Kongo gyzzyrma keseline duçar bolanlaryň we saglygy goraýyş ministrligi tarapynda tanalan adamlaryň sany 250 adam diýip yglan etdi.

Kongo gyzzyrmak keseli Owganystanyň 34 welaýatynda 27 welaýatynda hasaba alynandyr.

bu kesel hassa mallaryň gany arkaly adamlara ýokaşýandyr.

04 Sentýabr 2018, 19:31
Teswirler