• Ärdugan:Jamal haşakçiň ýagdaýy belli bolmalydyr

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdugan Arabystanly žurnalist Jamal haşakçiniň ýagdaýnyň belli bolmagyny nygtady.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdugan Arabystanyň Stambuldaky konsullygynda ýitrim bolan žurnalist Jamal haşakçiniň ykbalynyň belli edilmegini nygtamak bilen Ankara döwleti bu meseläniň dürli taraplaryna garandyr we bu žurnalistiň ýagdaýy barada parhsyz oturmaz diýip yglan etdi.

Jamal haşakçiniň ykbaly belli bolýança Türkiýede howpsyzlyk we informasiýa operasiýalary dowam etjekdir diýip Ädugan sözüne goşdy.

şol bir wagtda Türkiýäniň Liwandaky ilçisi Hakan Kakil Jamal haşakçiň dosýesini ýapmak üçin Muhammet Bin Salmanyň Rejep Taýyp Ärdugana 5 milliard dollar para teklip edenligini paş etdi.

Waşington Post gazetasy hem Arabystanyň Stambuldaky konsullygynda Jamal haşakçiniň öldürilenligini belli edýän bir filmiň we sesli bukjanyň türk resmileriniň erkindedigini habar berdi.

şol bir wagtda Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Arabystanly žurnalist we Riýad döwletiniň tankytçysy haşakçiniň terror bolmagynda Al-Saudyň eli bolmagy barada ara atylýan ähtimallara garamazdan bu ýurda ýarag satmaklygy togtatmajakdygyny aýtdy.

Donald Tramp şeýle-de Arbystan döwleti bilen aragatnaşyklaryň togtadylmagy we bu ýurda ýarag satylmazlygy baradaky Amerikaly senatorlaryň teklibini kabul etmejekdigini yglan etdi.

Amerikaly senatorlaryň bir topary Jamal haşakçiniň öldürilmegi baradaky habaryň ýaýramagynyň yzy bilen Riýad bilen gatnaşyklaryň kesilmegini islediler.

Tag

12 Oktýabr 2018, 18:17
Teswirler