• Fransiýanyň ykdysadyýet ministri: Amerikanyň birtaraplaýyn syýasatlarynyň garşysynda durarys

Fransiýanyň ykdysadyýet ministri Bruno Le maire Pariž döwletiniň Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyrýan birtaraplaýyn gadaganlyklarynyň garşysynda durjakdygyny yglan etdi.

Fransiýanyň ykdysadyýet ministri Bruno Le maire Fainanşial Times gazeti bilen geçiten söhbetdeşliginde Pariž döwleti dünýäde Ýuronyň halkara derejesindäki rolyny ýokarlandyrmak we Eýran bilen ýörite söwda kanalyny açmak bilen özüni söwda polisiýasy hasaplaýan Amerikanyň birtaraplaýyn syýasatlarynyň garşysynda durjakdyr diýip nygtady.

Amerikanyň halkara derejesinde söwda polisiýasyna öwrülmegine Ýewropa bileleşigi rugsat bermez we ýadro ylalaşygyna we eýrana garşy gadaganlyklar baradaky dawalar Amerikanyň garşysynda Ýewropanyň garaşsyzlykda amal etmegine mätäçdigini mälim edýändir diýip Fransiýanyň ykdysadyýet ministri Bruno Le maire nygtap geçdi.

Tag

07 Noýabr 2018, 21:38
Teswirler