• Türkiýe Exxon Mobil  kompaniýasyna duýduryş berdi

Türkiýe döwleti Kipr Respublikasynyň Gresiýa tarapyndaky deňiz ýakasynda gaz tapmak baradaky Amerikanyň Exxon Mobil kompaniýasynyň amala aşyrýan hereketleri barada duýduryş berdi.

Türkiýäniň daşary işler ministrligi şu gün bir beýannama boýunça Amerikanyň Exxon Mobil kompaniýasyndan gaz tapmak ugurda Kipr Respublikasynyň Gresiýaly tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmekden saklanmagyny isledi.

orta ýer deňiziň gündogarynda gaz tapmak üçin Exxon Mobil kompaniýasynyň gazuw işleri sebitiň durnuklylygyna şikes ýetirjekdir diýip Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda getirilendir.

Ankara döwleti  Kipr Respublikasynyň Gresiýa tarapynyň deňiz ýakasynyň eýeçiligi barada dawalydyr.

Amerikanyň Exxon Mobil nebit gaz kompaniýasy dünýäde ikinji uly nebit kompaniýasy hasaplanýandyr.

19 Noýabr 2018, 22:50
Teswirler