• Birleşen Milletler Guramasynda Palestinanyň Hamas hereketine garşy karar hat goldanmady

Palestinanyň yslam çydam hereketi ýa-da şol Hamas hereketine garşy Amerikanyň teklip eden karar hatynyň taslama ýazgysy Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda goldanmady.

Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynyň 86 agzasy Hamas hereketine garşy Amerikanyň teklip eden karar hatyny goldady,58 agzasy oňa negatiw çykdy we 33-si hem ses bermekden saklandy we netijede bu teklip agzalaryň 3-den ikisiniň hemaýatyny gazanyp başarmady we ret boldy.

Hamas hereketi Birleşen Milletler Gurananyň umumy ýygnagynda Amerikanyň ileri süren teklibiniň ret edilmegi Palestinanyň belent maksatlarynyň kanunylygyny we Amerika döwletiniň şowsyzlygyny alamatlandyrandyr diýip yglan etdi.

Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň ilçisi we wekili Ishak Al-Habib hem Amerikanyň teklibine garşy eden çykyşynda Sionistlaryň Palestinadaky basyp alyjylygy orta gündogardaky dartgynlylyklaryň asly kökidir diýip nygtap geçdi.

Al-Habib şeýle-de Sionist režiminiň Palestin milletine aýratynda Gaza Zolagyndaky halkyna garşy amala aşyrýan jenaýatlarynyň ýazgarmak bilen bir wagtda bu karar hatyň taslama ýazgysynda Sionist režimi arkaly Palestinanyň basyp alynmagyna we şäherçe gurluşyk işlerine üns berilen däldir diýdi.

Eýranyň Londondaky ilçisi hem Hemas hereketine garşy Amerikanyň ileri süren teklibiniň Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda ret edilmegi Amerika bilen Sionist režimi üçin agyr şowsyzlyk bolandyr diýip nygtap geçdi.

07 Dekabr 2018, 17:30
Teswirler