• Ýewraziýa Eýran bilen erkin söwda sebiti baradaky ylalaşygy kesgitledi

Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň başlyklarynyň maslahaty Orsýetiň Saint Petersburg şäherinde geçirildi we onda Eýran bilen erkin söwda sebiti baradaky ylalaşyk kesgitlendi.

Eýran bilen Ýewraziýanyň erkin söwda sebiti baradaky wagtlaýyn ylalaşyga 2018-nji ýylyň 17-nji Maýnda Gazagystanyň paýtagty Astanada gol çekilipdi.

bu ylalaşyga iki taraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürmek üçin gümrük salgytlaryň azaldylmagy ýa-da aýrylmagy nazara alynandyr.

Ýewraziýanyň başlyklar maslahaty düýn penşenbe güni Orsýetiň Saint Petersburg şäherinde bu ýurdyň prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Belarus,Gyrgyzystan we Gazagystanyň prezidentleri hemde Ermenistanyň premýer ministri Saint Petersburg maslahatyna gatnaşandyrlar.

Tag

07 Dekabr 2018, 19:27
Teswirler