21 Dekabr 2018, 20:08
  • Tramp Amerikaly müňlerçe harbynyň Owganystandan çykmagyna höküm etdi

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bu ýurdyň harbylarynyň Siriýadan çykýanlygyny yglan etmeginden bir gün soňra Amerika 7000 harbynyň Owganystandan çykarylmagyna höküm etdi.

CNN tele ýaýlymy Amerikanyň harby habar çeşmelerine salgylanyp Donald Tramp bu ýurdyň goşunyna Amerikaly 7 müň harbynyň Owganystandan çykarylmagyna şert döretmegini burandyr diýip yglan etdi.

Amerikaly harbylaryň bir wagtda Siriýadan we owganystandan çykarylmagy ençeme aýlap uzaga çeker diýip CNN tele ýaýlymy nygtap geçdi.

şol bir wagtda Fransiýanyň goranmak ministri Flurans Parly terrorçylaryň Siriýada huzurly bolmagyny bahanalap Fransiýanyň harbylary terrorçylara garşy söweşlerini dowam etdirjekdirler we Siriýadan çykjakdäldirler diýip yglan etdi.

Tag

Teswirler