22 Ýanwar 2019, 23:14
  • Orsýet Warşawda Eýrana garşy geçiriljek maslahata gatnaşmaýar

Orsýetiň daşary işler ministrligi Moskwanyň Polşanyň paýtagty Warşawda Eýrana garşy bolýan maslahata gatnaşmaz diýip yglan etdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä, warşaw maslahaty geçirmekden maksat ýadro ylalaşygyna urgy urmakdyr oňa görä Moskwa Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşi tarapyndan makullanan bu karar hata garşy bolýan warşaw maslahatyna gatnaşmaz diýip şu gün Orsýetiň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça yglan etdi.

Polşa maslahatynyň yzarlaýan maksatlarynyň ýene birisi Orta Gündogarda ýaraşygy berkarar etmek ugurda dünýä derejesinde bolýan tagallalary şowsuzlyga uçratmakdyr diýip beýannamanyň dowamynda getirilendir.

Warşawda geçiriljek maslahatda Orta Gündogaryň möhüm meselelerine şol sanda Palestina meselesine üns berilýän däldir diýip Orsýetiň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda nygtalandyr.

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo täzelikde eden çykyşynda Waşingtonyň 13-nji we 14-nji Fewralda Polşanyň paýtagty Warşawda Eýrana garşy bolýan maslahaty geçirjekdigini habar beripdi.

Tag

Teswirler