17 Fewral 2019, 22:19
  • Aşraf Gani gudraty Talibana gowşurmak üçin şert belledi

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani Taliban toparynyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda gudraty bu topara tapşyrjakdygyny yglan etdi.

şu gün Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiň Mýunheniň howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Taliban toparyndan Owganystanyň geljekki prezident saýlawlaryna gatnaşmagyny we öz isleglerini ilat bilen ara atmagyny we saýlawlar arkaly gudraty eýelemegini isledi.

20-nji Iýulda geçiriljek saýlawlarda ilatyň köpüsi Taliban toparyny goldan ýagdaýynda Kabul döwleti gudraty bu topara gowşurmaga taýýardyr diýip Aşraf Gani yglan etdi.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani şeýle-de Kabul döwleti Taliban bilen geçirilýän gepleşikleriň asly tarapy bolmalydyr diýip sözüne goşdy.

Owganystan döwleti mundan ozal hem ençeme gezek şertsiz Taliban topary bilen gepleşik geçirmegi isläpdi emma bu topar her gezek Kabul döwletiniň islegini ret edendir.

Taliban Owganystan döwletini kanuny bilýän däldir şoňa görä hem Owgan resmileri bilen gepleşik geçirmekden saklanýandyrlar.

Teswirler