23 Fewral 2019, 22:32
  • Aşraf Gani:Owganystanyň prezident saýlawlarynda keseki ýurtlar goşulmaly däldirler

Owganystanyň döwlet baş tutany Muhammet Aşraf Gani bu ýurduň prezident saýlawlarynda keseki ýurtlar goşulmaly däldirler diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Muhammet Aşraf Gani Kabul şäherinde ýaş owganlaryň bir toparynyň arasynda eden çykyşynda Owganystanyň prezidentini owgan halky saýlamalydyr we kesekileriň,goňşylaryň hemde sebit ýurtlaryň Owganystanyň prezident saýlawlaryna goşulmaga haklary ýokdyr diýip beýan etdi.

Owganystanyň prezidenti şeýle-de bu ýurtda wagtlaýyn döwletiň döredilmegi barada neşir bolan hasabatlaryň gaýtawulynda beren gürrüňlerinde bu taslama ýurduň daşynda düzülendir oňa görä bu taslama Owganystanda amala aşmaz diýdi.

soňky wagtlarda Katar ýurdunda Taliban topary bilen Amerikanyň wekilleriniň arasynda geçirilen 4 döwür gepleşiklerde Owganystanda wagtlaýyn döwletiň gurulmagy barada gürrüň bolandyr.Owganystanyň prezident saýlawlary 2019-nji ýylyň 20-nji Iýulynda geçirilýär.

 

Tag

Teswirler