24 Aprel 2019, 14:03
  • Orsýetde DAEŞ toparyna bagly bir terrorçy topary ýok edildi

Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugy FSB bir beýannama çykaryp bu ýurduň bir näçe ýerinde terrorçy DAEŞ toparyna degişli bir ulgamy ýok edip onuň agzalaryny tutandygyny habar berdi.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu ulgamyň agzalary Orsýetiň öz ygtyýar Çeçen we Tatarystan respublikalarynda terrorçylykly hereketleri ýola goýmak ugurda iş alyp barýan mahallary tutuldylar diýip Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugy FSB yglan etdi.

Orsýet 2015-nji ýylyň ortalaryndan Siriýa döwletiniň islegi boýunça bu ýurduň uruşynda huzurly bolup terrorçy DAEŞ we Al-Nosra toparlarynyň bolýan mekanlaryny asmandan bombalamak bilen  Siriýanyň goşun güýçleriniň öňe sürmeklerine şert döredendir bu mesele bolsa Orsýetde terrorçylykly hereketleriň artmagyna sebäp bolandyr.

Siriýa dartgynlylygy sebitiň ýagdaýyny Sionist režiminiň bähbidine üýtgetmek maksady bilen 2011-nji ýylda Arabystan,Amerika we ýaranlary tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň hüjümleri bilen başlandy.

Teswirler