08 Sentýabr 2019, 20:14
  • Fransiýa döwleti Eýrandan ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryny azaltmagy togtadmagyny isledi

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan Iw Ludriýan Eýrandan ýadro ylalaşygy baradaky borçlaryny azaltmagy togtadmagyny islemekden aýry Eýran bilen gepleşik geçirilmeginiň ýollary henizem açykdyr diýip yglan etdi.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä Fransiýanyň daşary işler ministri Žan Iw Ludriýan Eýranyň öňdebaryjy santrifýužlarynyň ulanşa bermegini habar bermeginden bir gün soňra eden çykyşynda  Eýran bilen gepleşik geçirilmeginiň ýollary henizem açykdyr diýip yglan etdi.

bir radio söhbetdeşliginde gürrüň beren Fransiýanyň daşary işler ministri Žan Iw Ludriýan Ýewropalylaryň öz borçlarynda tapylmanlygyna yşarat etmezden Eýran bilen gepleşik geçirilmeginiň ýollary hemişe açykdyr emma Eýranyň öz borçlaryny azaltmagy baradaky işlerinden el çekmegini isleýäris diýdi.

Teswirler