• Ahmadnur:DAEŞ täze mekanyň yzyndadyr
    Ahmadnur:DAEŞ täze mekanyň yzyndadyr

Owganystanyň Tehrandaky ilçisi DAEŞ terrorçylarynyň daşary kimliklerine garamak bilen olaryň Yrakdan we Siriýadan owganystana geçirilmegi adaty bir hereketdir diýdi.

şu gün Nasir Ahmadnur mehr habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde terrorçy DAEŞ toparynyň köki Owganystanyň serhetlerinden  daşardadyr we bu topar Yrakda we Siriýada şowsuzlyga uçrany soň öz işlerini dowam etmek üçin täze mekanyň yzynda bolandyr diýip nygtady.

Ahmadnur şeýle-de mundan ozal Owganystandaky durnuksyzlyklara goldaw beren ýurtlar şu wagt hem terrorçylaryň Owganystana girmeklerine mümkinçilik döredýändirler diýip sözüne goşdy.

Tag

29 Oktýabr 2017, 20:00
Teswirler