• Hz Alynyň batyrgaýlygy we gahrymançylygy barada

Hz Alynyň batyrgaýlygy we gahrymançylygy barada

Hz Aly (a.s), köp häsiýetleri özünde jemlän beýik ynsandyr.Ýagşy häsiýetleriň we aýratynlyklaryň hemmesi ol hezretde bardy.Geçirimlilik, sahylyk , jowmartlyk we ýene beýleki ýagşy häsiýetleri bardy we biz bu häsiýetleri, ol hezretiň eden işlerinde we sözlän sözlerinde görýäris.

Hz Alynyň (a.s) iň uly häsiýetleriniň biri , batyrgaýlykdy.Ol hezret, batyrgaýlykda we gahrymançylykda , taryhyň taýsyz şahsyýetleriniň biridir.Yslam dininiň ýaýramagynda , Hz Alynyň gahrymançylyklarynyň we batyrgaýlygynyň we Zülfügäriniň  aýgytly roly bolandyr.Onuň batyrgaýlygynyň we Zülfügäriniň  waspy , alymlaryň we welileriň sözlerinde köp beýan edilendir.Magtymguly Pyragy hem, “Alydyr” adyndaky goşgusynda , Hz Alynyň waspyny goşgy setirleri bilen ýetirendir.

Hz Alynyň batyrgaýlygyna güwä geçýän subutnamalar , sözler , yslam taryhynda köpdür.Handak söweşini ara alyp göreniňde, Alynyň gahrymançylygy we merdanalygy , taýsyzdyr .Şol söweşde, Hz Aly (a.s) , duşmany ýeňdi . Ol, Handak söweşinden soňra, Pygamberiň (s.a.w) ýanyna baranynda, şeýle diýdi “Alynyň , Handakdaky göreşiniň gymmaty, Yns-Jynyň ybadatyndan ýokardadyr”.

Hz Aly, bir gahryman we pälwandy.Onuň, Pygambere ýaranlyk eden wagtlary aýdan sözleri, onuň şol häsiýetiniň beýanydyr.

Ol hezret şeýle diýýär “Biz Pygamber bilen biledik, uruş we ölüm , daşymyzy gurşapdy emma biz imanymyzy berkitýärdik , hak ýolunda gaýduwsyzdyk we Allanyň emrine tabyndyk”.

Bir gije, duşmanlar, Pygamberi öldürmegi niýet edip mekirli plan düzdüler .Hz Aly, jany howp astynda bolsa-da ol hezretiň ýerinde ýatdy , şeýdip oňa bolan yhlasyny görkezdi hem-de ýeke-täk görkmaz batyrdygyny görkezdi.Muňa , waspyny ýetirip bolmajak gahrymanlyk diýmeseň bolarmy ? .

06 Iýun 2018, 11:53
Teswirler