• Hezret Alynyň (s.a) imana garaýyşy

Hezret Alynyň (s.a) imana garaýyşy

Iman, her bir adamyň iň uly baýlygy we bakyýete göterýän maýasydyr .

Adamlaryň ýaşaýyşyna many berip olaryň durmuşyny belli bir ugra gönükdirýändir.Allatagala imany bar adam, durmuşynda puçlykdan halas bolýandyr .

Hezreti Alynyň “Nähjolbälage” atly kitabynda iman üçin ýörite derejeler görkezilipdir.Ol hezret, öz kitabynda iman meselesine dürli taraplardan ser edilip onuň aýratyn ähmiýetini belläp geçýär.Hezret Aly (a.s) , sözleriniň bir ýerinde şeýle diýýär : “Bir bendäniň imany berkejek bolsa deslap onuň ýüregi berkemelidir we onuň ýüregi iman bilen berkese , onsoň dili hem berkär”.

Aly (a.s) , ýene bir ýerde şeýle diýýär : “Bendeler elmydam özlerini Allatagalanyň erkinde bilmeli we özlerini Hudaýa tabşyryp her ýagdaýda Hudaýa ynamly bolmaly ”.

Imanly adamyň ýöriteligi hakda hem, Aly (a.s) şeýle diýýär : “Mömin adamyň şatlygy ýüzünde äşgärdir we gam-gussasy ýüreginde pynhandyr”.

Imanyň dürli derejeleri bardyr .Musulmanlar , beýik ymamlardan we ulamalardan ugur alyp öz iman derejesini kuwwatlandyryp başarýandyr.Hezreti Alynyň garaýyşy esasynda, bendeleriň ýürekleri päk we sagdyn bolsa , olaryň salyhy we ýagşy amallary köp bolsa , olar şu ugurdan öz imanlaryny we Hudaýa bolan bendeliklerini pugtalandyryp başarlar.Dogrudan-da , halys we ýagşy işler bilen imanymyzy pugtalandyryp bileris.

Iman , goralmaly we her zaman pugtalandyrylmalydyr sebäbi imana zyýan ýetirip ony gowşadýan sebäpkärler hem köpdür we imana zeper ýetirýän işlerden , hereketlerden we häsiýetlerden gaça durmalydyr.Hezreti Aly hem, imana zeper ýetirýän häsiýetleriň bir näçesini sanap geçýär şol sanda haý-höwes ehli bolanlar bilen oturşyp-turmak , ýalan sözlemek we göriplik ýaly häsiýetleriň , imany gowşadýanlygyny aýdýar.

Aly (a.s) şeýle diýýär : “Göriplik imany iýýändir oduň oduny ýudyşy ýaly”.

06 Iýun 2018, 12:01
Teswirler