• oraza baýramyňyz gutly bolsun

oraza baýramyňyz gutly bolsun

 

Ora­za ýa-da Re­me­zan baý­ra­my ýa­şaý­şa joş­gun­lyk goş­ýan, duý­gu­la­ryň be­len­de gö­te­ril­ýän, be­genç we şat­lyk bi­len gar­şy alyn­ýan mü­bä­rek baý­ram­çy­lyk­dy

Ora­za baý­ra­my dini däp-des­sur­la­ry­my­za, ga­dy­my adat­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, giň­den bel­le­nil­ýär. Baý­ram­la­ryň, mü­bä­rek gün­le­riň we gi­je­le­riň tu­tuş maş­ga­la bo­lup bel­len­me­gi, aý­ra­ty­nam ça­ga­la­ryň mil­li däp-des­sur­la­ra goý­ýan hor­ma­ty­nyň we ru­hy kä­mil­li­gi­niň art­ma­gy üçin ju­da äh­mi­ýet­li­dir

Oraza baýramynyň gijesinde , Alla Tagalanyň rahmetleri eçilip günäler geçilýändir.Bu gijede , Alla, bir aýlap agyz bekläp oraza tutanlara serpaý-sogap berýändir .Ymam sadyk(a.s) , öz göwher bahaly sözlerinde şeýle diýýär:Baýram aýynyň deslapky güni gelip ýetende , diýmek oraza baýramy gününde, bir ses gelip şeýle eşidiler “Siz öz serpaýyňyzy almak üçin ýeriňizden galyň , bu gün serpaý berilýän gündir”.

Mömin ynsan, oraza baýramçylygynda, özünde iki hili şadyýanlyk duýýandyr .Birinjiden, Alla Tagalanyň öňünde bolan borjuny berjaý edenligi sebäpli hoşaldyr we ikinjiden bolsa, ol bu günde öz ýörite serpaýyny Alladan alýanlygy sebäpli şadyýandyr.

Oraza baýramy, möminler üçin, ýylyň ilkinji güni ýalydyr we mübärek Remezan aýy bolsa , aryplaryň we möminleriň täze ýylynyň başlangyjy ýalydyr.

Arap sözünde Oraza baýramyna, “Iýdi Fetr” diýilýär we Iýd sözüniň manysy öwrülmek we dolanmak diýmekdir.Möminler şeýle bir günde, hemme kynçylyklardan we agyr ýagdaýlardan halas bolup asudalyga we rahatlyga dolanýarlar.

Iýd sözi, Gurhanda diňe ýekeje gezek getirilýär .Hz Isanyň (a.s) Hawwariýun diýlip aýdylýan ýörite ýaranlary, Isadan (a.s) şeýle isleýärler :”Hudaýdan isle bize damak ibersin “.

Şonda , olaryň ýagşy niýetinden habarly bolan Hz Isa(a.s) , şeýle doga edýär :Eý Hudaý, bize asmandan Maide (saçak) iber we şol maide biziň başlagyjymyz we soňumyz bolsun we seniň tarapyňdan bir alamat bolsun we bize rysgal iber , sen iň ýagşy rysgal berijidirsiň.

Musulmanlar, bir aý ybadatdan soň we oraza tutup haýyr-ihsan etmekden soň , mübärek oraza baýramy gününde , agyzlaryny açyp baýramçylyk edýärler .Hz Aly (a.s) , oraza baýramy barada şeýle diýýär :Eý halaýyk, bu günde , möminler serpaý –sogap alýandyrlar we zyýankeşleriň lapy keç boljakdyr (zat ýokdur) , bu gün kyýamata meňzeşdir onda, öýleriňizden çykyp oraza baýramy namazyna tarap hereket etmegi ýatlaň we namaza duran wagtyňyz , Allanyň ýanynda bolmagy ýatlaň we öýleriňize dolanyp barýan wagtyňyz , behişti ýatlaň.

13 Iýun 2018, 14:22
Teswirler