• Elhamdulillah hakynda

Elhamdulillah hakynda

Bu eserde adama „Elhamdulillah“ diýdirýän imanyň soňsuz  nurundan we peýdasyndan diňe dokuzysy beýan ediler.

بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ

Birinji bölüm

Bu ýerde iki hili garaýşyň üstünde durlup geçiler:

* Pelsepe her zady görksüz, eýmenç görkezýän kirli gara äýnekdir. Iman bolsa her zady owadan, özüne ýakyn görkezýän dup-dury äýnekdir.

* Adamzadyň ähli barlyklar bilen baglanyşygy bardyr. Olar bilen adamyň nähili-de bolsa hökman bir gatnaşygy bardyr. Hawa, adamzat ýaradylanda, daş-töweregindäki zatlar bilen söz arkaly ýa-da başga hili görnüşde gepleşmäge hem goňşuçylykda ýaşamaga mejbur edilip ýaradylypdyr.  Şeýle ýasawdaky adamzadyň sag, çep, öň, arka, aşak, ýokary diýen alty tarapy bar.

Adam ýokarda agzalan äýnekleriň haýsy hem bolsa birini dakynyp, şol taraplara seredýär, ýagny barlyklary hem ýagdaýlary özüçe görýär.

Sag tarap – öten zaman. Adam pelsepe äýnegini dakynyp, sag tarapyna seretse, “geçmiş” oňa ýykan-ýumran harabaçylyk ýa-da tüm garaňky, gorkunç mazarstanlyk ýaly bolup görner. Muny gören adamyň zähresi ýarylyp, özüni ýalňyz duýup, umytsyzlyga düşjekdigine hiç şübhe ýok.

Adam iman äýnegini dakynyp, ol tarapa seretse, hakykatdanam, geçmiş oňa ýykan-ýumran harabaçylyk bolup görner, ýöne onda  ölüm-ýitimiň ýokdugyny görer. Oňa geçmişdäki ýaşaýjylaryň has oňat, nurana äleme göçürilendigi aýan bolar. Gabyrlardyr çukurlary bolsa nurana äleme ötmek üçin gazylan ýerasty geçelgeler diýip kabul eder. Diýmek, imanyň adama eçilýän şatlygy, rahatlygy, ynjalyklygy we dynçlygy bize müňlerçe „Elhamdulillah“ diýdirýän nygmatlardyr. Adampelsepe äýnegini dakynyp, çepine, ýagny  geljek zamana seretse, o taýy oňa garaňky bolup görner. Ol, hamana, adamlary çüýredip, guma garýan, mör-möjegiň mesgeni bolan mazarlygy görýän ýaly bolar. Emma iman äýnegini dakynyp sereden adam, Haktagalanyň, Halygyň, Rahmanyň, Rahymyň adamlar üçin taýýarlan her dürli tagamly iýr-iýmişlerden doly zyýapatyny, ýagny Rahmanyň suprasyny görer. Şonda ol müňlerçe gezek „Elhamdulillah“ diýer.

Pelsepe äýnegini dakynyp, ýokaryk – göge sereden adam, şol soňsuz boşlukda milliardlarça ýyldyzlaryň we jisimleriň (at çapyşygyna ýa-da harby manýowra meňzeýän) uly tizlikdäki her dürli hereketlerini görüp, gorkusyndan ýaňa gözi hanasyndan çykaýjak bolar.

Emma imanly adam göge seretse, bu geň-enaýy hereketleriň bir serkerdäniň emri bilen we gözegçiliginde bolup geçýändigine düşüner. Gökler älemini bezeýän ýyldyzlaryň bize ýagty saçýan çyralar hökmünde ýaradylandygyna göz ýetirer. Ol aýlawa goşulan atlary ýadyňa salýan bu ýyldyzlaryň hereketlerinden gorkup, howsala düşmez, gaýtam olary özüne dost-ýar saýar. Gökler älemini şeýle teswirlemäge ýardam berýän iman nygmatyna müňlerçe gezek „Elhamdulillah“ diýseňem, azdyr.

Pelsepäniň gözi bilen aşak, ýagny Ýer togalagyna sereden adam ony Günüň töwereginde öz erkine ygyp ýören ýabany jandara ýa-da düýbi deşik, kapitansyz gämä meňzedip, gorkar, aljyrar.

Emma imanly adam seretse, Ýeri Rahmanyň gämisine meňzeder. Ony ir-iýmişdir geýim-gejimden ýüklengi, Allanyň emri bilen adamzada Günüň töwereginde seýil etdirýän gämä meňzeder. Imanyň berýän bu beýik hakykaty – nygmaty üçin adam jandan syzdyryp „Elhamdulillah“ diýmäge başlar.

 Pelsepeçi adamöň tarapyna seretse, oňa janly-jandarlar, ynsan-u-haýwan, tapawudy ýok, o tarapa gidip, toparlaýyn zym-zyýat bolýan ýaly görner. Ýokluga siňip gidýändir öýder. Özüni hem şol ýoluň ötegçisi bilip, telbä döner.

Emma iman gözi bilen öňe seredýän musulman, adamlaryň ol tarapa gidişini ýokluk älemine   gitmek däl-de, eýsem, çarwalaryň bir ýerden beýleki bir ýere göç edişine meňzeder. Ol bu gidişlige panylykdan bakylyga, zähmet çekilýän ýerden hak alynýan ýere, kynçylyk çekilýän ýurtdan rahatlyk ýurduna göç etmek hökmünde garar. O tarapa gidýän adamlaryň ýokluk älemine gitmeýändigine düşüner. Şonuň üçin, musulman o tarapyna gujak açar. Çünki, ol ýoluň ugrundaky ölüm, gabyr ýaly päsgelçiliklerden soň bagtyýarlygyň geljekdigini biler. Sebäbi, nurly äleme gidýän ýol gabryň üstünden geçýär. Syn edýän bolsaňyz, ajy günleriň sowulmagy bilen, bagtly günler gelýändir. Meselem, Hezreti Ýusubyň Müsürde şa bolşy ýadyňyza düşýän bolsa gerek. Ilki bilen ony doganlary gurruga atdylar. Soňam Züleýhanyň töhmeti sebäpli zyndana zyňyldy. Ine, diňe şol kynçylyklary geçensoň, ol Müsüre şa bolupdy. Edil şonuň ýaly, ene ýatgysyndan çykyp, dünýä inýän çaga hem agyr külpetleri, kynçylyklary başdan geçirýär. Ana, şondan soň dünýä bagtyýarlygyna gowuşýar.

Yza, ýagny yzdakylara pelsepäniň gözi bilen sereden adam öz-özüne:  „Bular nireden gelip, nirä barýarlar we näme üçin bu dünýä ýurduna geldilerkä?“ diýip sorar. Bu sowallaryň jogabyny tapmansoň, bu bolýan zatlary geň görüp, iki jahan owarrasy bolup galar.  

Emma iman nury bilen şol tarapa seretse, bu älemiň geň-enaýy ajaýyp sungat mugjyzasynyň sergisidigine göz ýetirer. Adamlaryň bolsa Ezeli Soltanyň gudraty bilen şol sergä tomaşa etmäge we ondan ybrat almaga iberilendigine düşüner. Hawa, imanly adam sergä täze gelýän tomaşaçylarň Allanyň sungat mugjyzalarynyň ähmiýetine we gymmatyna düşünişlerine görä hem-de barlyklaryň Ezeli Soltanyň beýikdigine yşarat edişlerine göz ýetirişlerine görä  mertebe gazanyp, sanawa girensoň, ýene Ezeli Soltanyň ýurduna dolanyp gidýändiklerini görer. Şeýle düşünjäni döredýän iman nygmaty üçin „Elhamdulillah“ diýer.

Bellik: hälki zulmatlardan gutarýan iman nygmaty üçin  „Elhamdulillah “ diýip, Alla minnetdarlyk bildirmegiň özi hem nygmatdyr. Şol sebäpli, Allatagala munuň üçin hem hamdy-sena aýtmak gerekdir. Bu ikinji hamd ýene bir hamdy, üçünji hamd hem dördünjini ... talap edýär. Şeýle dowam eder-gider... Netijede, ýekeje hamddan gözbaş alyp gaýdýan soňsuz hamdlar tirkeşigi dörär.

Ikinji bölüm. Adamyň alty tarapyny ýagtyldýan iman nygmaty üçin „Elhamdulillah“ diýmek gerek. Çünki, iman alty tarapyň garaňkylygyny ýagtyldyp, bela-beteri sowýandygy üçin uly bir nygmat bolşy ýaly, alty tarapy nura çaýmak bilen peýda getirýändigi üçinem, ikinji bir nygmat hasap edilýär. Şeýlelikde, daş-töweregi bilen aragatnaşyk saklamaga meýilli bolan  ynsanyň alty tarapyň barlyklary bilen gatnaşygy hökman bolaýmaly. Şunlukda, oňa iman nygmaty arkaly alty tarapyň hem hözirini görüp ýaşamak mümkinçiligi döreýär.

Şeýlelikde, اَيْنَمَا تُوَلُّوا فَثَمَّ وَجْهُ اللّهِ aýatynyň beýan edişi ýaly, adam alty tarapyň islendiginden nur tapar. Hatda musulman adamyň ruhy ýaşaýşy dünýäniň gurlan wagtyndan tä soňky gününe çenli uzaýandyr. Ynsan bu ruhy ýaşaýşy ezelden ebedilige çenli uzan dirilik nurundan güýç alýar.

Hawa, alty tarapy nura çaýýan imanyň saýasynda adamyň gysga ömri uzalýar hem dar dünýäsi giňeýär we rahatlyk älemine öwrülýär. Ana, şol giň älem onuň öýüne öwrüler. Adamyň ruhy, kalby üçin öten we geljek zaman häzirki zaman ýaly bolar. Aradaky uzaklyk düşünjesi aýrylar.

Üçünji bölüm. Adam iman arkaly özüne hemaýatkär we medetkär tapýandyr. Şol sebäpli, iman nygmaty „Elhamdulillah“ diýilmegi talap edýändir.

Hawa, adam ejizdir. Duşmany-da köpdür. Şol sebäpli-de, duşmanlaryndan gorajak hem  ýüz tutulyp bilinjek hemaýatkäre mätäçdir. Şeýle hem, adamyň gerek-hajatynyň sany-sajagy ýok, üstesine-de, ol barypýatan garypdyr. Ana, şol gerek-hajatlaryna ýetip bilmek üçinem, oňa hemaýatkär gerek.

Eý,adamzat! Seniň hakyky hemaýatkäriň – Allatagala imandyr. Ruhuň goldawy, ynsabyň  medetkäri – ahyrete imandyr. Ynha, bu ikisinden bihabar ýaşaýan adamyň ýüregi karar tapmaz, ruhy hem wyždany hemişe ezýet çeker. Emma Allatagala we ahyrete ynanýan adamyň kalby, ruhy jebir çekmez. Ol durmuşdan lezzet alyp ýaşar. Töweregindäki ähli zatlary özüne dost saýar. Ýüregi teselli tapar, wyždany rahatlanar.

Dördünji bölüm. Iman nurylezzetiň soňunyň ýakynlaşmagy bilen döräp başlaýan ünjüni aýyrýar. Ýagny ol lezzetleriň dowamynyň bardygy iman bilen bilinýändir. Şeýle hem, iman ol nygmatlaryň asyl gözbaşyny görkezip, olaryň egsilmeýändigine ynandyrýar. Täze-täze nygmatlary dadyrmak bilen, aýralyk zerarly döreýän ynjylary aýrar. Başgaça aýdanyňda, nygmatyň gutarjakdygy hakdaky pikir adamyň jegebesini daraldýar. Iman bolsa şol bir nygmatyň täzesini görkezip, adamyň ýüregine giňlik berýär. Edil şonuň ýaly, lezzetleriň täzelenmeginde hem aýrybaşga lezzetler bar. Hawa, bir miwäniň daragty bolmasa, ol miwe iýlenden soň, lezzet galmaz. Lezzet ol miwe bilen çäkli galar. Miwäniň ýok bolmagy-da ynjy döreder. Emma ol miwäniň daragtynyň bardygy bilinýän bolsa, onda ol miwäniň iýilmegi sende ynjy döretmeýär, çünki, ýerine başgasynyň geljegi belli. Şol wagtyň özünde nygmatyň täzelenip durjagyny bilmegiň özi hem saňa lezzet berer. Şeýle hem, iman adamyň ruhuny iň köp biynjalyk edýän aýralyk sebäpli döreýän ynjylara-da melhem bolýar. Ýagny elinden geçen zatlaryň täzelerini görmek hem-de dünýeden ötenler bilen duşuşmak umydyny döredýär.

Bäşinji bölüm. Şu älemdäki barlyklary özüne duşman saýýan, ýat bilýän ýa-da ölüler ýaly jansyz hasaplaýan hem ýetime meňzedýän adam imanyň nury bilen olaryň özüne dostdugyny görer. Olaryň hem janlydygyny we Allatagalanyň päkligini yglan edip, tesbih çekýändiklerini biler. Gaflatdaky adam bolsa älemdäki barlyklara duşman gözi bilen garar. Özüne zyýan berer öýdüp, dowula düşer. Olardan ýadyrgar. Çünki, azgynlyk garaýşyna görä, öten zaman bilen geljek zamanyň barlyklarynyň arasynda dost-doganlyk  gatnaşyklary ýokdur. Azgyn diňe häzirki zamanyň barlyklarynyň arasynda ujypsyz gatnaşygy görýär. Şonuň üçin, dogry ýoldan azaşanlaryň müňlerçe ýyl uzakdaky ynsanlara bolan doganlyk gatnaşyklarynyň dowamy sähel salymlykdyr.

Iman bolsa ähli jisimleriň janlydygyny hem olaryň biri-birleri bilen ysnyşykly gatnaşykdadygyny görkezýär. Mundan başga-da, iman her barlygyň özüne mahsus hal-hereketi bilen Halygynyň päkligini yglan edip, tesbih çekýändigini bildirýär. Ynha, bu jähetden seredeniňde, barça jisimleriň özlerine mahsus jany we ruhy bardyr. Şeýlelikde, iman nazary bilen seredilende, hiç  bir jisimden gorkup oturasy iş  ýok. Olaryň arasynda özara ysnyşyk we mähir-muhabbet bardyr.

Azgynyň garaýşyna görä bolsa, elinden hiç zat gelmeýän adamyň eýesi-de ýok, hemaýatkäri-de. Olary gam-gussa batyp, ejizläp aglaýan ýetimlere meňzedýär. Imanly adam bolsa, janly mahluklara aglaýan ýetimler hökmünde garaman, gaýtam, öz borçlaryny birkemsiz berjaý edýän işgärlere hem-de Allany ýatlap zikir çekýän we Onuň päkligini yglan edip, tesbih çekýän bendelere meňzedýär.

Altynjy bölüm. Iman nury bu dünýäniň we ahyret äleminiň her dürlinygmatlardan doly iki supradygyny görkezýär. Mümin iman getiren adamdygy üçin, içki-daşky  hem  ruhy duýgulary bilen bu iki supranyň hözirini görýär.

Azgynlyk ýoluna mahsus garaýyşda bolsa, janly-jandarlaryň lezzet alýan çägi daralýar. Ýagny lezzet diňe maddy lezzetler bilen çäklenýär. Imanyň berýän garaýşynda bolsa,  lezzetiň çägi asmany-da, Ýeri-de gurşap alýar. Hawa, iman saýasynda adam Güne öz öýüniň çyrasy hökmünde, Aýa stol lampasy hökmünde garaýar. Bu jähetden Günem, Aýam adam üçin nygmatdyr. Bu nukdaýnazardan, mümin asmanyň tutýan meýdanyndan hem has giň çäkden peýdalanyp bilýär. Hawa, mugjyzawy beýan edýan Kuran وَ سَخَّرَ لَكُمْ مَا فِى الْبَرِّ وَالْبَحْروَ سَخَّرَ لَكُمُ الشَّمْسَ وَ الْقَمَرَaýatlarynda imanyň netijesinde berilýän ajaýyp yhsanlara, nygmatlara örän belagatly yşarat edilýär.

Ýedinji bölüm.Allanyň barlygynyň barça nygmatlardan hem ýokarda durýan nygmatdygyna, tükeniksiz nygmatlaryň, yhsanlaryň, peşgeşleriň ählisiniň gözbaşydygyna iman nury bilen göz ýetirilýär. Şol sebäpli, bize nesip eden iman nygmatyüçin Alla älemiň zerreleriniň sanyça hamdy-sena etmek borç bolup durýar.

“Risaleýi-Nuruň” Alla iman getirmekden gürrüň açýan bölümlerinde köp görünmän basyrylgy ýatan nygmatlaryň üsti açylyp görkezilýändir.

اَلْحَمْدُ لِلّهِ „lami-istigrak“ (اَلْ - el) arkaly yşarat edilýän ähli hamd sözleri bilen hamdy-sena edilmegi hökmany bolan nygmatlardan biri-de Rahmaniýet nygmatydyr. Hawa, Rahmaniýet, janly barlyklardan rahmete miýesser bolanlaryň sanyça nygmatlary özünde jemleýändir. Çünki, aýratynam, adamyň her jandar bilen baglanyşygy bardyr. Şol sebäpli, ynsan beýleki bir jandaryň begenjine begenip, gynanjyna gynanýandyr. Onuň ýaly bolsa, her kimiň nygmaty beýleki biriniň hem nygmaty bolup durýandyr.

Şeýle hem, mährem eneleriň ýardamy arkaly iýmitlenýän çagalaryň sanyça nygmatlary özünde jemleýän Rahymyýet şonça-da hamdy-sena laýykdyr. Hawa, enesiz aç çaganyň aglaýşyna rehimi inýän ynsaply kişi, ene mährinden lezzet alýandyr, oňa guwanýandyr. Ine, munuň ýaly lezzetlerem nygmatdyr. Olar hem şüküranalygy talap edýändir.

Şeýle hem, älemiň ýaradylmagynyň näçe hikmeti bar bolsa, Allanyň Haki:miýeti şonça-da şükür edilmegini talap edýändir. Çünki, adamyň özüniň Rahmaniýetiň ýalkymlaryndan, kalbynyň-da Rahymiýetiň ýalkymlaryndan iýmitlenişi ýaly, ynsanyň akyly-da Haki:miýetiň duýgulary bilen lezzet alar. Ine, şoňa görä-de, janyň-teniň bilen „Elhamdulillah“ diýmegi, hamdy-senalary talap edýär.

Şeýle hem, Allatagalanyň Wa:ris diýen gözel adynyň ýalkymynyň sanyça, düýp kök hasaplanýan atanyň yzynda soňra galan şahalaryň sanyça, ahyret äleminiň barlyklarynyň sanyça, ahyretde serpaý almaga sebäp boljak adamzadyň amallarynyň sanyça, şu asmany doldurjak belentlikde „Elhamdulillah“ diýlip hamd ediljek nygmat Hafyzyýet nygmatydyr. Çünki, nygmatyň dowamaty nygmatyň özünden has ähmiýetlidir. Lezzetiň dowamaty lezzetden has lezzetlidir. Jennetiň dowamaty jennetden has gymmatlydyr...

Şeýlelikde, Haktagalanyň hafyzyýetine giren nygmatlar tutuş älemde bar bolan ähli nygmatlardan has köp we has üstündir. Şonuň üçin, dünýäni gaplap alýan „Elhamdulillah“ talap edilýär.

Şu agzalan dört at bilen Allanyň beýleki gözel atlaryny deňeşdir, herki adynda soňsuz nygmatlaryň bardygyna hem şonuň üçin soňsuz hamdy-senalaryň, şükürleriň talap edilýändigine göz ýetir.

Şeýle hem, barça nygmatlaryň hazynalaryny açýan iman nygmatynyň ýüreklerde şinelemegine, sebäpkär bolan hezreti Muhammet (aleýhissalatu wessalam) hem özbaşyna bir nygmat bolup, adamzat ebedilige çenli Ol Şahsy (aleýhissalatu wessalam) medhu-sena etmäge borçludyr.

Şeýle hem, maddy we ruhy nygmatlaryň ähli görnüşleriniň çeşmesi bolan Yslamyýet bilen Kuran nygmaty-da tükeniksiz hamdy-senalara laýykdyr,ony talap edýändir.

Sekizinji bölüm. Älem diýip atlandyrylan şu uly kitabyň we onuň teswiri bolan şany belent Kuranyň baplarydyr bölümlerinde, bütin sahypalarydyr setirlerinde, sözleridir harplarynda gözel hem kämil sypatlary görkezilýän we hamdy-sena edilýän mukaddes Allatagala hamdy-senalar  bolsun!

Älem atly uly kitabyň her bir nagşy, kiçi bolsun - uly bolsun, (başardygyça) Wahid we Samed bolan nakgaşynyň jelal sypatlaryny görkezip, hamdy-sena edýär.

Şeýle hem, ol kitabyň her bir sözlemi Rahman we Rahym bolan kätibiniň jemal sypatlaryny görkezmek bilen, hamdy-sena edýär.

Şeýle hem, ol kitabyň ähli ýazgylarynda, nokatlarynda, nagyşlarynda Allanyň gözel atlary şöhlelenýär. Şeýdip, olar Mukaddes Biribaryň mukaddesligini bildirýärler, Oňa hamdy-sena edýärler, beýikligini yglan edýärler.

Şeýle hem, ol kitapdaky her bir şygyr Kadyr, Ali:m bolan şahyrynyň mukaddesligini bildirýär, Oňa hamdy-sena edýär...

26 Iýul 2018, 10:59
Teswirler