• Gurbanlygyň sogaby

Gurbanlygyň sogaby bilen bagly hadyslarda külli musulman ymmatyna juda şatlykly habarlar aýdylýar .

Gurbanlygyň sogaby

Gurbanlygyň sogaby bilen bagly hadyslarda külli musulman ymmatyna juda şatlykly habarlar aýdylýar . Musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a) adyndan rowaýat edilýän hadysda şeýle diýilýär: « Gurban baýramynda musulman bendesiniň eden hiç bir işi Alla üçin gurbanlyk ganyny akytmakdan has ýakymly bolmaz. Sebäbi soýulan mal kyýamat gün şahly, ýüňli we toýnakly bolup geler. Soýulan malyň gany ýere dammazdan Allahyň dergähinde beýik mertebä çykar. Şonuň üçin göwnühoşluk bilen gurbanlyklaryňyzy kesiň! ». Munuň bilen bagly ýene bir rowaýatda bolsa, gurbanlyk çalmagyň sogaby barada soralan sowala Pygamberimiz (s.a.w): « Her gylyna sogap beriler » diýip jogap berýär. Onsaň, sahabalar meseläni hasam aýdyňlaşdyrmak üçin: «Ýa Resulallah? Ýüňüniňmi? » diýip sorapdyrlar. Pygamberimizem (s.a.w): « Ýüňüniň her gylyna sogap bar » diýipdir . Ýene bir rowaýatda bolsa, Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Patmanyň (r.a) gurbanlygy kesiljek bolup durka oňa: « Tur, gurbanlyk üçin soýuljak malyň ýanyna bar. Damagy çalnyp, ilkinji damja gany akdygy eýýäm seniň öňki günäleriň bagyşlanar » diýipdir . Gurbanlyk üçin soýulan malyň öz eýesini üstüne mündirip syrat köprüsinden geçirjekdigi hem Pygamberimiziň (s.a.w) hadysynda aýdylyp geçilýär.

Gurbanlygyň peýdasy

Her ybadatda bolşy ýaly, gurbanlyk çalmagyň ynsanyň şahsy hem jemgyýetçilik durmuşyna oňyn täsiriniň bardygy şeksizdir . Kurany Kerimiň «Allanyň özlerine rysgal edip beren gurbanlyk haýwanlarynyň (damagyny çalanlarynda) Allanyň adyny agzamaklary üçin, her ymmata gurbanlyk çalmagy ybadatyň bir görnüşi edip goýduk » aýatynda gurbanlyk üçin malyň damagy çalnanda Allanyň beýik adynyň agzalmagy buýrulýar . Şeýle hem bu aýatdaky sözlerden ýer ýüzünde ýaşaýan haýwanlaryň ählisiniň Allatagalanyň mülküne degişlidigini , ynsana merhemet edileni üçin janly - jandarlaryň onuň hyzmatyna berilendigini we ynsanda şular ýaly düşünjeleriň döremegine sebäp bolýandygy üçin gurbanlyk soýmagyň emir edilýändigini aňlamak bolýar.

Gurbanlyk etmek diýmek janyň - teniň bilen Hakyň ýoluna berilmek , Alla üçin hiç zadyňy gaýgyrmazlyk diýmekdir . Pidagärligiň şeýle beýik nusgasy hezreti Ybraýym bilen Ysmaýylyň keşbinde öz beýanyny tapypdyr . Gurbanlyk Alla boýun bolmak duýgusyny terbiýeleýär . Munuň saýasynda ynsan öz Perwerdigäriniň guludygyna düşünýär we onuň öňündäki gulluk borjuny berjaý etmäge durýar. Şeýdibem Alla ýakynlaşýar.

Gurbanlyk jemgyýetde dostluk - doganlyk, jebislik, arkalaşyk , adalatlylyk we mähir - mubabbet ýaly duýgularyň ösmegine ýardam berýär. Halkyň ýokary gatlak bilen aşaky gatlaklarynyň arasynda uçurymyň döremeginiň öňüni alýar we dürli gatlakdaky adamlaryň ysnyşmagyny ýola goýýar.

Gurbanlygyň adamyň saglygyna gönüden - göni täsir edýän kadaly iýmitlenmegiň üpjün edilmeginde hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi adaty ýagdaýda et iýmäge gurby ýetmeýän garyp maşgalalar Gurban baýramy mynasybetli et iýmäge mümkinçilik tapýar . Elbetde, gurbanlygyň maldarçylyk pugadyna we ykdysady önümçilige ýetirýän täsiri hem az - küş däl bolsa gerek.

 

 

19 Awgust 2018, 20:23
Teswirler