• arş, kürs, ýyldyzlar we asman hakynda(1)

Hezreti Alynyň aýtmagyna görä, Resulalla bir gezek asmana garap şeýle diýipdir: «Ony ýaradan, galdyran, tertipli-düzgünli, gat-gat edip goýan, gör nähili beýik». Soň bolsa ýere garap şeýle diýipdir: «Ony ýaradan, tertip-düzgüne salan we ýazyp goýan, gör nähili beýik!»

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Asman bilen ýeriň aralygy bäş ýüz ýyldyr. Her bir asman bilen beýleki asmanyň arasy hem bäş ýüz ýyldyr. Ýedinji gat asman bilen kürsüň arasy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Kürs bilen suwuň arasy bäş ýüz ýyldyr. Arş hem suwuň üstündedir».

 

* * *

Şeýle hem Ibn Apbasyň, Mujahydyň, Dahhagyň[1] sözlerine salgylanyp aýdylyşyna görä, arş kürsden başgadyr.

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Arş bilen kürs ikisi bir zatdyr».

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Arş bilen kürsüň ýaradylmagyndan maksat, olaryň ikisi bilen Allanyň güýjüniň we belentliginiň görkezilmegidir. Perişdeler olary götermek bilen ol ýerlerde ybadat edýärler. Olary togap edýärler. Şeýle hem dünýäde bir öýüň kybla hökmünde togap etmek üçin goýluşy we oňa namaz okanlarynda ýüzlenişleri ýaly ol ýerler hem perişdeleriň kyblasydyr. Ol Alla mekandan münezzehdir.[2] Ol ähli ýerleriň ýaradyjysydyr. Ol bardyr we onuň mekany ýokdur».

 

* * *

Arşy göterýän perişdeleriň artykmaçlyklary barada şeýle diýlipdir: «Ol perişdeler gezekli-gezegine çalşyp durýarlar, bular beýleki perişdelerden artykdyr. Allatagala arşy göterýän bu perişdelere Muhammet ymmaty üçin ystygfar[3] aýtmagy buýrupdyr».

 

* * *

Çarwa arap remezan aýynyň 27-sine inçelen aýa seredip şeýle diýipdir: «Meniň garnymy ajykdyryşyň ýaly, seniň hem jismiňi inçelden Alla taryp bolsun!».

 

* * *

Käbir münejjimler şeýle diýipdirler: «Beýleki pygam­berler Sünbülde we Mizanda doglandyrlar. Pygamberimiz hem Mizanda doglupdyr. Onuň özi bolsa men Balykda doguldym diýipdir. Münejjimleriň hasabyna görä, ol Semmak Ramyh[4] ýyldyzlar toparynda doglupdyr».

 

* * *

Ibn Dukeýnden[5]:

— Müşteri ýyldyzynyň[6] haýyrlydygyna seniň deliliň näme? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Onuň owadanlygy — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Allatagala Isa pygambere wahy edip şeýle diýipdir: «Ynsanlara ýumşaklykda edil aýagyň aşagyndaky ýer ýaly bol. Jomartlykda bolsa akar suw ýaly bol. Rehim-merhemetde Gün we Aý ýaly bol. Sebäbi olar gowy bolsaňam, erbet bolsaňam, üstüňize dogýandyr».

 

* * *

 

Dogup gelýän güne şeýle diýlipdir: «Saňa surat beren, dolandyran, nurlandyran, eger ol halasa, seni tegelek eden, gör nähili päkdir».

 

* * *

Hyjazyň ýaşaýjylaryndan bolan Abu Kusaýsa remezan aýynda hilala[7] seredipdir we şeýle diýipdir: «Sen bize iki şahyň bilen geldiň, eger men seni sapara çykmak bilen kesmesem[8] «Alla meniň janymy alsyn».

 

* * *

Bir adamyň iki barmagyna gaýçynyň halkalaryny geýdirip, münejjimiň ýanyna iberipdirler. Ol münejjimden:

— Meniň elimde näme bar? — diýip sorapdyr.

Ol hem:

— Demir ýüzük — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Ýolbaşçylaryň biri öýünde kümüş käsesini ýitiripdir. Ol Ibn Mahanyň[9] ýanyna barypdyr. Onda Ibn Mahan oňa:

—    Käsäni onuň özi ogurlapdyr — diýipdir. Onuň bu sözüne gülşüpdirler. Onda Ibn Mahan gaharlanyp:

— Siziň öýüňizde Kümüş atly gyrnak barmy? — diýip sorapdyr.

Oňa :

— Hawa — diýip jogap beripdirler.

Ol hem:

— Kümüşi Kümüş aldy — diýipdir. Bu onuň aýdyşy ýaly hem bolup çykypdyr.

 

* * *

Münejjimi haça çüýläpdirler we ondan:

— Sen muny öz ýyldyzlaryňda görüpmidiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Men beýgeljegimi görüpdim. Ýöne onuň agajyň üstünde boljagyny bilmändirin — diýipdir.

 

* * *

Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Men iki ylyma seredýärin we olaryň dogry däldiklerini görýärin. Olar ýyldyz we pal ylmydyr».

 

* * *

Çarwa arapdan:

— Ýyldyzlar barada näme bilýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Öz günde görüp ýören zadyny kim bilmeýär?! — diýipdir.

 

* * *

Çarwa arap aýallardan:

— Siz ýyldyz barada näme bilýärsiňiz? — diýip sorapdyrlar.

Olar:

— Alla päkdir. Biz her gije öz üstümize ýalkym saçýan ýaranlarymyzy bilmän näme? — diýipdirler.

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Biziň aramyzda asmana we ýyldyzlara seredip, uzyn süýnüp ýatan adam bardy. Ol şeýle diýdi: «Walla, men bilýärin seniň Rebbiň we Halygyň bar. Eý, Allam, meni bagyşla!».

Alla hem oňa nazar etdi we onuň günälerini bagyşlady».

 

* * *

Zeýt ibn Ýahýa[10] şeýle diýipdir: «Biz Mälik ibn Dinaryň ýanyndadyk. Şol wagt biziň ýanymyza Behrany geldi. Ol Mälige salam berdi we oňa:

—    Eý, Abu Abdylla, bize wagyz et! — diýdi.

Onda ol:

— Eý, Abu Ýahýa ! Walla, eger sen Allany doly tanasadyň, her bir sözden we wagyzdan bu aýan bolardy. Eý, Abu Ýahýa! Hakykatdan-da, möminler Hudaýlaryny görüp ybadat etmeýärler. Olar oňa delile görä ybadat edýärler. Eger olar gijäniň we gündiziň çalşyp durmagyna, bu çarhypelegiň aýlanyşyna, bu duran asmanyň diregsizdigine, deňizleriň we derýalaryň akyşyna seretseler, onda bularyň ýaradyjysynyň, dolandyryjysynyň bardygyny bilerdiler. Olara ýeriň we asmanyň ýaradylyşy zerre ýaly hem geň bolmazdy. Onuň delil edýän zatlary bilen ybadat ediň, reňkiňizi üýtgedip, göýä ony görýän ýaly bolup ybadat ediň!»

 

* * *

Abu Berze[11] şeýle diýipdir: «Pygamberimiz bir gün sahabalary bilen çykdy. Olar ýaradan barada pikirlenýärdiler. Pygamberimiz olara şeýle diýdi: «Ýaradylan barada pikir ediň, ýaradan barada pikir etmäň. Sebäbi pikir ony doly düşündirmekden ejiz geler. Allanyň asmany ýedi gat edip ýaradandygy barada, her bir ýeriň ýygylygynyň bäş ýüz ýyldygy we her asmanyň ýygylygynyň bäş ýüz ýyldygy we her bir asmanyň bäş ýüz ýyllyk ýoldugy barada, ýedinji asmanda derýanyň bardygy barada, onuň çuňlugynyň bolsa bularyň hemmesiniň uzynlygy ýalydygy barada, ol ýerde bir perişdäniň bardygy we suwuň onuň topugyndan hem geçmeýändigi barada pikir ediň».

 

* * *

Zunnun Müsri[12] şeýle diýipdir: «Men bir kişiniň derýanyň ortasyndaky dagyň üstünde durup, şeýle gygyrýandygyny eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Rebbim, Rebbim! Men deňizleriň we adalaryň aňyrsynda goragsyz we ýalňyz. Sen ýeke-täk hökümdarsyň! Sen biri bilen dostlukdan hoşal bolsaň, ony ýalňyz galdyrarsyň. Kim seniň gudratlaryňa seretse, aňkasy aşmaz, Sen asmany mäkäm berkitdiň. Seniň pelegi düzgün-nyzamly goýmagyň halkyň akyllaryndan has ýokardadyr. Sen umman arşy diregsiz galdyrdyň, suwy sürüjisiz dolandyrdyň, ýelleri böwetsiz iberdiň. Bular seniň ýeke-täkligiňe delillik edýär.

Asmanlar seniň güýjüňe delillik edýär, pelekler seniň ajaýyp döredişiňe delildir. Ýeller seniň mylaýym bereketiňe delildir. Ýyldyrymlar seniň aýatlaryň belent sesine delildir, ýer seniň ähli hikmetleriňe delildir, derýalar seniň kelamlaryň süýjüliginiň açylmagyna delildir, agaçlar seniň ýaradan zatlaryň gözelligine delildir, Gün hem seniň kämil ajaýyplyklaryňa delildir».

 

* * *

Eger Beni Ysraýyldan kim otuz ýyllap Alla ybadat etse, sellesi oňa saýa bolar eken. Emma bir adam otuz ýyllap ybadat edipdir, emma sellesi oňa saýa salmandyr. Onsoň ol bu ýagdaýy ejesinden sorapdyr. Ejesi hem oňa:

—    Mümkin, sen bu ýyllaryň içinde bir günä iş edensiň — diýipdir.

Ol:

—    Ýok, edemok — diýip jogap beripdir.

Ejesi:

— Sen pikir etmezden, ýekeje gezek hem bolsa, gözleriňi asmana dikip, seretdiňmi? — diýipdir.

Ol:

—    Hawa — diýipdir.

Onda ejesi:

— Ine, saňa zyýan hem şundan ýetipdir — diýipdir.

 

 

* * *

Ýokary wezipelileriň biriniň aýaly ýüzügini ýitiripdir we ol Abu Magşaryň[13] ýanyna gidipdir. Abu Magşar hem oňa: «Ýüzügi Allanyň hatymy[14] aldy» diýipdir. Ol aýal onuň bu sözüne geň galypdyr. Soň ýüzügi gözläpdir we ony Gurhanyň sahypalarynyň arasyndan tapypdyr.

29 Awgust 2018, 21:26
Teswirler