•  arş, kürs, ýyldyzlar we asman hakynda(2)

«Newabygyl-kelimde» şeýle diýlipdir: Ýaýrady ähli ýere ýagşy, haýyrly jeza[1], Şugradan soň ýyldyzyň gowusy bolar Jöwza.

Rumlular şeýle diýipdirler: «Eger rumlularyň goh-galmagallary we sesleri bolmasa-dy, ynsanlar batyp barýarka Günüň sesini eşiderdiler».

 

* * *

 «En-Nesaýyh es-sygarda» şeýle diýilýär: «Gözleriňi bu ýyldyzlaryň zynaty bilen doldur. Olara bu geň-ajaýyplyklary görkez. Ykbalyň seni sapara alyp gitmezinden we seniň bilen ýazgydyň arasy üýtgedilmezden öňürti ony ýaradanyň gudratlary barada pikirlendir, ýöredeniň hikmeti barada pikir ýöret».

 

* * *

Ýedigen dört bölümden ybaratdyr. Olaryň ýyldyz toplumlary üçdür: öňde duran, ortada duran, yzda duran. Ortadaky duran ýyldyzjyk örän kiçi bolup, ol göýä asmana ýabşyrylan ýalydyr. Oňa: Sehä, Saýdak we Nugeýş (ýedigenjik) diýýärler. Ynsanlar onuň bilen gözleriniň ýitiligini barlaýarlar. Kimiň göreji pes bolsa, ony görmeýär.

 

* * *

Rowaýata görä, sahabalar hem ýedigenlere garap: «Ýedigeniň gyzlary, ýedigeniň ogullary, ýedigeniň maşgalasy» diýip sanapdyrlar.

 

* * *

Şygyr :

 

Iki sany dogan hakda heý, eşidip gördüňmi?

Şemamyň iki ogly, ýaly olar duýduňmy?

Demirgazyk ýyldyzy hem-de Ýedigen olar,

Duşmarsyň ýitenine, olar elmydam bolar.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Arş üç ýagdaýda titrär: uly günä edilende, diller yhlas sözüni aýdanlaryndawe takwa mömin kişiniň ölüminde».

 

* * *

Resulalla şeýle diýipdir: «Arş Sagt ibn Mugazyň ölümine hem titredi».

 

* * *

Beýtil-magmuryň ýerleşýän ýeri barada çapraz pikirler bolupdyr. Bir topar: «Ol Adam alaýhyssalamyň ýere indirilenden soňra guran ilkinji öýüdir, ol Nuh tupany wagtynda asmana göterildi. Her gün oňa ýetmiş müň perişde girýär. Perişdeler oňa göterilen öý diýýärler, sebäbi ol ýerden asmana göterildi» diýipdir.

 

* * *

Ibn Tufeýl şeýle diýipdir: «Hezreti Alydan eşidişime görä, ondan beýtil - magmur barada soranlarynda, ol: «Asmanda Käbäniň deňesinde duran bir binadyr. Oňa günde ýetmiş müň perişde ybadat etmek üçin girýär we şonda beýleki perişdelerden ýaňa oňa tä kyýamata çenli nobat ýetmeýär» diýip jogap gaýtarypdyr».

 

* * *

Şeýle-de oňa «ol bir guburdyr» hem diýlipdir. Eger kim onuň ýeri barada belli bir zat aýtsa, ol ýalňyşar.

 

* * *

Hasan Basry we Ibn Apbas şeýle diýipdirler: «Ol Mekgede bolan öýdür, Käbedir. Ony togap edýänler bolsa magmurlardyr, ýagny hajylardyr».

 

* * *

Muhammet ibn Abbat ibn Japar Käbä seredýän wagty şeýle diýipdir eken: «Rebbimiň öýi gör, nähili ajaýyp! Nähili oňat hem owadan. Walla, bu beýtil-magmurdyr!».

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Ol dünýäde-de, asmanda-da bardyr».

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Ol dördünji asmanda bir öýdür».

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Ol altynjy asmandadyr».

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Ol ýedinji asmandadyr».

 

* * *

Japar ibn Muhammet şeýle diýipdir: «Ol arşyň aşagyndadyr».

 

* * *

«Newabygyl-kelimde» şeýle diýilýär: «Gämini suwda ýüzdüren, pelegi asmanda ýöreden Alladyr».

 

* * *

Ibn Apbas aýalyna asmandaky ýyldyzlaryň sany ýaly talak beren kişä: «Saňa diňe Jöwzanyň hekgasy hem ýeterdi» diýipdir. Hekga — Jöwzanyň başydyr.

 

* * *

Kiçi Üçýyldyz üç aýaklydyr. Oňa «tagan» diýlipdir.

 

* * *

Rowaýata görä, Muhammet alaýhyssalamyň aýaly Merýemden bolan ogly Ybraýym wepat bolanda gün tutulypdyr. Şonda «Gün onuň wepat bolmagy sebäpli tutuldy» diýipdirler. Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Hakykatdan Gün we Aý Allanyň alamatlaryndan iki alamatdyr. Olar kimdir biriniň ölümine ýa-da dogulmagyna tutulmazlar. Eger Günüň tutulandygyny görseňiz, tä açylýança namaz okaň we doga ediň».

 

* * *

Welit ibn Jemig[2] şeýle diýipdir: «Men Ykrymany gördüm, ol bir adamdan ýyldyz hasaby barada sorady. Ol adam hem oňa bir zatlary gürrüň berdi. Ykryma şeýle diýdi: «Men Ibn Apbasyň: «Ynsanlar ol ylmy bilmekden ejizdir. Eger sen ony öwrenmek isleýän bolsaň, men ony saňa öwredeýin» diýendigini eşitdim.

 

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Ol pygamberlik ylmydyr. Käşgä men hem ony gowy bilsemdim».

 

* * *

Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn): «Kim-de kim Gurhandan ugur alyp, ýyldyz ylmyndan bir ylym öwrense, onuň imany we ylmy artar» diýipdir, soň bolsa: »Gijäniň we gündiziň çalyşmagynda» diýen aýatyny okapdyr».

 

* * *

Meýmun ibn Mihran şeýle diýipdir: «Siz habardar boluň, ýyldyzlara aldanmaň. Sebäbi ol pygamberlik ylmyndan bir ylymdyr».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Aýyň ýiten wagtlary we Aý akrap ýyldyzlar toparyna girende, ýola çykmaklyk we toý tutmaklyk gowy däldir».

 

* * *

Rowaýata görä, bir adam Hezreti Alydan bu mesele barada sorap:

— Men Aýyň ýiten wagty söwda gitjek bolýan? — diýipdir.

Ol hem:

— Sen näme Allanyň seniň söwdaňy bereketsiz etmegini isleýärmiň? Aýyň çykaryna garaş! — diýipdir.

 

* * *

Mugawyýa Allama Dagfal ibn Hanzalany ogly Ýezide terbiýeçi bellände şeýle diýipdir: «Oňa arap dilini, nesebi[3] we ýyldyz ylmyny öwret».

 

* * *

   Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  ýagyş namazy wagtynda Apbasa şeýle diýipdir: «Eý, Resulallanyň agasy! Sureýýanyň ýagyşyna näçe gün galdy? Çünki münejjim alymlar onuň ýedinji gat asmana çykandygyny aýdýarlar».

 

* * *

Eýran şalary bolan Kesralar çaga isläp üçin aýalynyň ýanyna barmakçy bolanlarynda, bir münejjim çagyrar ekenler. Kesra aýaly bilen bile galyp, ene rehmine nesil suwuny guýmakçy bolanda, gapynyň agzyndaky hyzmatkäre eli bilen bir tasa urmagyny tabşyrar eken. Bu sesi eşiden münejjim hem usturlapdan[4] onuň ykbalyna sereder eken.

 

* * *

Beni Ysraýyl alymlary iki ylmy: ýyldyz ylmyny we tebipçilik ylmyny gizlin saklapdyrlar. Patyşalaryň olara hajatlary bolanlygy üçin we patyşalaryň ýoldan çykmagyna sebäp bolmazlyklary üçin, olary çagalaryna öwretmändirler. Olar dinleri ýitip gider öýdüp gorkupdyrlar.

 

* * *

Münejjim şeýle diýipdir: «Eger Sureýýa ýyldyzy agşam dogsa, çopan eşiklerini gözläp başlar, ýagny howa sowap başlar».

 

* * *

Katada şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň haçanda hilaly görende şeýle diýendigini eşitdim: «Hilal haýyrlydyr we dogry ýoly görkezýändir. Seni ýaradana iman etdim. Aýy eýläk-beýläk ýöredýän Allatagala öwgi bolsun!». Ol muny üç gezek gaýtalady».

 

* * *

Umeýýe ibn Abu Salt[5] şeýle diýipdir:

 

Ýyldyzlar nähili üýtgeýär, seret gözleriň bilen,

Rebbiň ýaradan zatlary barada özüň şeksiz pikirlen.

 

* * *

Tawus uzyn gije aglapdyr. Ol Abu Kubeýsiň[6] üstünden dogýan Aýy görüp: «Şu dünýäniň Rebbiniň ady bilen kasam edýän. Şu aý hiç hili günäsi bolmasa-da, Alladan gorkusyna aglaýar» diýipdir we: «Siz ýerde we asmanda bolan ähli zatlaryn sejde edýän Allasyny görmeýärsiňizmi»[7] diýen aýaty okapdyr. Soň bolsa: «Bularyň hiç haýsy munuň daşynda däldir. Bularyň daşynda diňe adam ogullary bardyr» diýipdir we «Olar azap berilmäge laýyklary iň köp bolanlardyr» aýatyny okap: «Olaryň içinde şükür etmäge laýyk bolany ynsandyr» diýipdir.

 

29 Awgust 2018, 21:29
Teswirler