• Aşyr aýy

Aşyr aýy täze ýylyň birinji aýydyr.Okamaga peýdaly hasaplamagyňyzy umyt bilen şu temany size ýetiresim geldi.Ulamalaryň arasynda (bu mesele barada) yhtylap (gapma-garşy pikirler) bardyr.

 Emma sahabalaryň köpisi aýdypdyrlar:Bu sogaply gün Muharramyň onunjy günidir. Amal hem şol sözedir.Resul aleýhyssalam aýtdy:Her kim Aşyr aýynda oraza tutsa, Hatagala ol bendä om müň sapar oraza tutanyň we on säheri bina edeniň sogabyny berer. Her kim Aşyr güni oraza tutan kişiniň agzyny açdyrsa jemi Muhammet ymmatynyň orazadarlarynyň agzyny açdyran sogabyny berer.Ýene Allatagala asmany, ýeri, dagy we derýäny (bu ýerde Nil derýasy göz öňune tutlýar) Aşyra güni (muharrem aýynyň ony) ýaratdy. Olaryň hersini uly etdi.Hezreti adam ata behişden Aşyr güni çykdy we toba etdi. Tobasy kabul boldy. Şol güni hem Aşyr günidi.Nuh pygamber Aşyr güni halaslyk tapdy.Ybraýym alaýhysalam Nemrudyň odundan Aşyr güni halas boldy.Musa aleýhyssalam Aşyr güni derýa düşdi.Pyrgun Aşyr güni gark boldy.Aşyra güni Eýýup alaýhyssalam gurt belasyndan halas boldy.Hezreti Gün Aşyr güni dogdy.Muhammet Mustapa aleýhyssalam Aşyr güni jahana geldi.Kyýamat hem Aşyr güni gaýym bolar.Resul aleýhyssalam aýtdy:Her kim hajat düşse , ol hajatyň alajyny tapyp bilmese Aşyr güni iki rekat namaz okasa, her rekatda bir ýola “Fatiha” we bir ýola “Ýasyn” okagaý.Eger “Ýasyny” bilmese her rekatda ýigrimi bäş ýola “Kulhuwallahu ahady” okasa Allatagala aýdar:-Eý perişdelerim, bu namazy okan bendäme men sogap bererin . Ol perişdeler aýdarlar:-Eý bar Hudaýa! Elbetde Seniň özüň ýagşy bilijisiň! Ol wagt Allatagala aýdar:-Onuň ýanyndaky üçin perişdeler ýazgysyna müň sogaby ol bendä ýazarlar. Üçmahda müň dereje bina ederler. Ol bendä sekiz behişdiň işigini açarlar. Müň günäsini ol bendeden ýok ederler. Rowaýat etdiler: Byr musulman byr kapyra esir bolupdyr. Ol musulman byr gün ondan gaçdy. Ony dört müň kapyr kowdy. Ol musulman yzyndan uly bir leşger gelýändigini gördi. Gizlenmäne hiç ýer tapmady. Şol wagt Aşyr güni ekenligi ýadyna düşdi. Elhal ýerinden turdy. Elini göterip dileg etdi: “Eý, bar Hudaýa, Aşyr güniniň hormaty üçin meni bu kapyrlardan halas et!” diýdi. Ol wagt kapyrlaryň leşgeri ýetip geldi. Onuň iki ýanyndan ötüberdiler. Hiç biri muny görmedi. Şeýdip ol kapyrlardan gutyldy we olardan halas tapanlygynyň şukranasy üçin ol musulman oraza tutdy. Emma iýmäge hiç zat tapmady. Aç ýatdy. Eýse ukyda bir kişi bir desderhan tagam we bir käse suw alyp geldi we aýtdy: -Eý bende, ajap jaýdan ýardan dilediň. Bu gun Aşyr günidir. Hemme hajatlaryň kabul we rowa boldy. Bu tagamy iý-diýdi. Ol tagamy iýdim we ol suwy içdim. Hergiz onuň ýaly tagam iýmändim. Ukudan oýandym, garnyp doýup dur. Agzymdan tagamyň lezzeti gelip dur. Bularyň hemmesi Aşyr güniniň hormatyndandyr.Rowaýat etdiler: Byr baý kazy bardy. Aşyr güni ol kazynyň öýüne bir derwüş geldi we aýtdy:-Eý kazy, men kişiden hiç zat soramandym. Bu maňa bir zeruryýet boldy. Meniň hajatymy rowa etgil.Kazy aýtdy:-Eý derwüş, ne hajatyň bar?Derwüş aýtdy:-On batman nan, iki batman et, iki ýüz teňňe ber.Kazy aýtdy:-Ikindi namazyndan soň gel. Hemmesini taýýar edipbereýin-diýdi. Ol kişi gitdi. Ikindi namazynyň wagty geldi.Derwüş aýtdy:-Eý kazy, hany taýýar bolsa zatlarymy bergil-diýdi.Kazy gaharlanyp jogap berdi we oňa hiç zat bermedi. Ol derwüş ýüregi agyrly bolup, aglaý-aglaý gadyberdi. Derwüş gelýärdi. Bir johit işikde durdy. OL dewüş aglap gelýärdi. Johit onuň ýanyna geldi we:-Sen näme üçin aglaýarsyň?-diýip sorady.Derwüş wakany jöhide aýtdy.Ondan soň derwüş ol jöhitden:-Özüňiziň-diniňiziň hormatyny tutmuýarmysyňyz?-diýip sorady.Jöhit aýtdy:-Hawa tutýarys.Derwüş aýtdy:-Onuň ýaly bolsa meniň hajatymy rowa etgil.Jöhit aýtdy:-Eý derwüş, sen uly ant berdiň. Indi hajatyňy aýtgyl.Derwüş aýtdy:-On batman nan , iki batman et, iki ýüz teňňe pul bergil. Ol jöhit ol halda on batman nan, iki batman bişen eti we iki ýüz teňňäni düýä ýükledi.Kazy öýüne bardy. OL gije düýş gördi. Düýşünde tylladan byr köş gördi. Ol halda kazy sorady:-Bu kimiň köşkidir ?Behişdiň halaýyklary aýtdylar:-Bu köşgi seniň üçin bina edipdik. Emma sen derwüşe rehimiň inmändir we hiç zat bermän iberdiň. Indi ol köşgi jöhide berdik.Şol wagt kazy ukydan oýandy. Daň atdy. Ol jöhidiň öýüne gelip aýtdy:-Eý johit, bu Aşyr güni näme haýyr etdiň? Jöhit derwüşiň wakasyny beýan etdi.Ondan kazy aýtdy:-Ol eden ýagşylygyňy maňa on müň tylla satarmysyň?Jöhit atdy:-Ýüz müň tylla hem bermerin.Jöhit aýtdy:-Eý kazy, name üçin ol ýagşylygy menden satyn aljak bolýarsyň? Wakasyny maňa aýtgyl.Kazy düýşiniň wakasyny aýtdy. Eýse jöhit aglaberdi. Şol zaman pikir etdi. Bigäne bolup bigänä munça ýagşylyk etdim. Emma bu Hudaýdan özge Hudaý bar diýenimiň hemmesi batyl eken-diýdi.Ol ýene:-Eý kazy, men dinimden gaýtdym. Hemme Hudany batyl bildim. Bir Hudaýdan özge Hudaý ýokdyr : “Lä-ilähä illalahu, Muhammet Resulalla,eşhedu en lä illallahu we eşhede enne Muhammetden abdyhu we resuluh” diýip, musulman boldy.

20 Sentýabr 2018, 09:24
Teswirler