• öý we oňa degişli zatlar baradaky matallar

öý we oňa degişli zatlar baradaky matallar

«Açyl-açyl» hyzmatkär,

«Ýapyl-ýapyl» hyzmatkär. (Gara öýuň serpigi)

Agaçdan bir tor etdim,

Bir-biriniň bendine

Etden saýlap çüý etdim (Tärim)

Ala çebiş,

Dula ýapyş. (Gara öýüň götergi bagy)

Altmyş kempir ýer dişlär. (Gara öýüň tärimi)

Altyn apba,

Kümüş gupba,

Tes-tegelek,

Gara lapba. (Gara öý)

Aňry ýortar garaja at,

Bäri ýortar garaja at.

Kap dagynyň suwuny

Dannap içer garaja at. (Gara öýüň serpik bagy)

Apbas Apbasy götär,

Apbas ogluny götär.

Ogly telpegni götär.

Telpegi galpagny götär. (Gara öýüň tärimleri, uklary, tüýnügi, serpigi)

Arpyjak, kerpijek

Ýygnasaň, bir gujak. (Tärim)

Atasy oglunyň telpegini geýip dur. (Gara öý, tüýnük)

Bäş at bir aty basyp dur. (Gara öýüň işigi)

Bir at aldym heňňele,

Mündüm üstüne gommala. (Gara öýüň gamşy)

Bir at aldym segsene,

Segsen ýerniň bagy bar.

Bir gulagy çürt kesik,

Bir gözü sümme sokur,

Bir gözüniň agy bar. (Gara öýüň ýüpi we olaňy)

Bir gapyda goşa eňsi[1]. (Gabsa[2])

Biri hassa ýatyr,

Ikisi sorap otyr. ( Bosaga, işik)

Bir tegelek telpegi,

Dört ýanynda gulpagy. (Gara öýüň serpigi we serpik bagy)

Biz-ä bildik bizzäni,

Ussalar ýasar çyzzany,

On batman köýnek-dyzzany[3],

Ýarym batman telpegi bar. (Gara öýüň eşigi)

Bizi-bizi büzdüler,

Bizi ýüpe düzdüler,

Biz bir otagaly gyzdyk,

Otagamyzy üzdüler. (Öý gamşy)

Çyndym guş-a, çyndym guş,

Gaty ýere gondum guş,

Ganatymy ýaýdym guş. (Gara öý)

Dag üstünde dört çybyk,

Dördüsi-de deň çybyk. (Gara öýüň tüýnüginiň çybyklary)

Daşdan görsem,

Gaba söwüt.

Ýanyna barsam,

Ýalmap ýuwut. (Gara öý)

Dolama-dolama donum bar,

Dolananym dosty gördi. (Düzi[4])

Dört agaçdan derwezeli,

Elli iki ýeriniň gabagy bar.

Kyrk sekiz ýerinden çüýlengi,

Süýr başynyň tabagy bar. (Gara öý)

Dört dogam bar depämde,

Görünmeýär ýapamda. (Gara öýüň tüýnügi)

Dört dogan bir-birine bakyşar. (Otagyň burçlary)

Düýrülse – ýassyk,

Ýazylsa – don. (Gara oýüň gamşy)

Egilmezem, bükülmezem,

Hana salam bermezem. (Gapy)  

Erkijigim, erkijigim,

Ýygyp düýrsem,

Bir gujagym. (Tärim)

Ertir açylar, agşam ýapylar. (Gara öýüň serpigi)

Gapyrgadyr, süňklüdir,

Daşy gaýym ýüplüdir,

Başynda gara telpek,

Üsti hem börüklidir. (Gara öý bilen serpigi)

Garry düýäm gaharda,

Burunlygy şäherde. (Gara öýüň serpigi)

Gider leglek,

Geler leglek.

Ýol üstünde

Durar leglek. (Gapy)

Güjügime «Ýit!» diýdim,

«Agşam gelip ýat» diýdim. (Gara öýüň serpigi)

Hüpili jan hüpüli

Agzy gyzyl gapyly.

Segsen sekiz diregli,

Togsan dokuz gapyly. (Öý we onuň ugy, tärimi)

Iki uly öküz.

Dört kiçi öküz,

Janym biziň gara öküz. (Gara öýüň üzügi[5], durlugy[6], gara öý).

Iki ýatak ulaşar. (Üzük)

Kör düýe öýüň daşyndan aýlanar. (Öýüň kölegesi)

Kyrk gysrak bir guýudan suw içer. (Gara öýüň uklary)

Onda boldum, o boldum,

Munda geldim, bu boldum,

Bili bagly gul boldum. (Öý gamşy)

Öý daşynda ýarty ýalak. (Öýüň kölegesi)

Öýümiziň üsti dört çybyk. (Serpigiň dört bagy)

Özi içerde, sakgaly daşarda. (Tamyň çykyp duran pürsi)

Pessejik dagdan ätlarler,

Gyş düşende ýatlarlar. (Germeç[7])

Sakar atym sarkyp dur,

Art aýagyn kakyp dur. (Işik, eňsi)

Tegelendi telpegi,

Dört ýanynda gulpagy. (Gara öýüň tüýnügi, serpik bagy)

Togalak dagyň başynda,

Dört çybygym oýnaýar. (Serpigiň dört bagy)

Top ýigidim gaýkaryp,

Gara dagy saklap dur.

Gara dagym gam iýmän,

Barysyny gorap dur. (Gara öýüň uklary, tüýnügi)

Ussalar ýasar tizden,

On batman köýnek-dyzzan,

Ýarym batman telpek bizden. (Gara öý)

Uzyn-uzyn uzanar,

Wagtal-wagtal bezener. (Gara öýüň tärimi)

Ýaltanýan-a turmaga,

Dört agajy germäge,

Guwanç ogly Gurban-a,

Gygyryp çykdy asmana. (Gara öý)

Ýerden örkli,

Keçeden gaply. (Gara öý)

Ýokardan allap gele

ÖÝ  WE  OŇA  DEGIŞLI  ZATLAR  HAKYNDAKY  MATALLAR

Ýokardan allap geler,

Iki elin sallap geler. (Tüýnük ýüp)

13 Oktýabr 2018, 19:02
Teswirler