• gorkut ata

Adamzat paýhasynyň öwreden ajaýyp gymmatlyklarynyň arasynda söz sungaty özüniň ynsan kalbyna ýetirýän täsiri onuň ruhy ahlagynyň saplamagyndaky oýanaýan orny bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol adamlaryň şatlykly gününde köňül derýasynt joşdursa, gamly gününde hesret derýasyny deň çekişýär. Durmuşyň manysyna, ýaşaýşyň mazmunyna, ömrüň gymmatyna doly we dogry göz ýetirmäge ýardam berýär.

Gojaman zeminiň üstündäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler şeýle ajaýyp eserleriň onlarçasyny döredip, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynyň baýlaşmagyna uly goşant goşandyr.

Indi iki asyra golaý wagt bäri Gündogary öwrenijiler türkmen halkynyň medeniýetini, milli mirasyny, dilini öwreniji alymlar, dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren gadymy Oguz türkmen halkynyň ajaýyp edebi ýadygärligi bolan “Gorkut ata” eseriniň üstünde ylmy derňew işlerini alyp barýarlar. Öz köküni gadym döwürden alyp gaýdýan, takmynan 1500-ýyl töweregi türkmeniň ruhy baýlygyna öwürlip, türkmen sährasynda ýaňlanyp gelýän bu ajaýyp eser baknalyk döwründe sowet aňyýeti tarapyndan türkmeniň durmuşynda çykarylyp taşlanylmaga synanyşylypdy. Ony ylmy esasda öwrenmek halka ýetirmek gadagan edilipdi.

Gorkut ata kim bolupdyr? “Dädem Gorkut” kitaby. Bu eser käbir çeşmelerde “Kitaby däde Gorkut”ady bilen atlandyrylýar. Türkmen halk döredijiliginden bolsa bu kitap “Gorkut ata” ady bilen has meşhurdyr. Türkmenler Gorkut atany diňe bir ýazyjy, şahyr, bagşy diýip tanaman, aýdan zady hökman bolýan keramatly bir adam hasaplaýarlar.

Gündogaryň meşhur taryhçysy Reşideddin Tebip (XIV asyr) Alşir Nowaỳy (1441-1501 ỳyl), görnükli türkmen taryhçysy salyr baba Gulaly ogly (XVI asyr) hem belli taryhçy Abulgazy Bahadur han (VII asyr) dagy oguzlardan bolan Garahoja diỳen adamyň Gorkut ata diỳen oglunyň bolandygyny, onuň haỳsy hanyň döwründe ỳaşandygyny, hatda Gorkut atanyň oguz türkmenleriniň baỳat taỳpasyndan bolandygyny aỳdỳarlar.

  “Gorkut ata” kitaby taryhy çeşme hökmünde gymmatly maglumatlary berỳär.

Eseriň iň gadymy warianty Drezdende (Germaniỳa), Watikanda (Rim) saklanylỳar. Bu eseri ilkinji bolup Gündogary öwreniji meşhur alym, akademik W.W. Bartdol 1900-nji ỳylda rus diline terjime edỳär we çapa taỳỳarlaỳar. Akademik bu eseriň on iki bölümini terjime edỳär. ỳöne onuň diňe dört bölümi çap edilỳär. “Gorkut ata” eseriniň käbir boỳlary VI-VII asyrlarda, käbirini bolsa X-XI asyrlara degişlidir. Şonuň üçin-de türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyỳetçilik gurluşyny öwrenmekde bu eseriň örän uly ähmiỳeti bardyr. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda “Türkmen ruhunyň II eỳỳamyny Gorkut ata eỳỳamy” diỳip belleỳär. Bu döwrüň ruhy gopuz bilen beỳan edilỳär. Pygamber derejesinde oturan, halkyň ruhy baştutany Gorkut ata ilkinjileriň biri bolup, yslamy meỳletin kabul edỳşr we Mekge – Medinä gidip, haj parzyny bitirỳär. Beỳik Serdarymyz “Gorkut atanyň kitabyny” okanyňda, kalbyňda buỳsanç, göwräňe mylaỳym ruh, endamyňa süỳjülik aralaşỳar. Ata-babalaryň bilen duşuşyk, ynjalyk tapỳarsyň!

“Gorkut atanyň kitabynyň” ähli boỳlaryndaky din hem, pikir hem, taglymat hem Gorkut ata!” diỳip belleỳär.

Mälim bolşy ỳaly, Gorkut hakyndaky rowaỳatlar Türmenistanyň hut özünde hem saklanyp galypdyr.

1915-nji ỳylda bu eser “Kitaby däde Gorkut” ady bilen Stambulda neşir edilỳär. Emma bu neşirde kitabyň dili erbet ỳoỳulỳar. Ençeme sözler ỳalňyş ỳazylỳar. Soňra bu eser bilen professor Mäti Kösäỳew içgin gyzyklanỳar we 1945-nji ỳylda “Sowet edebiỳaty” žurnalynda onuň boỳlaryny çap etdirỳär. ahyrynda bolsa, bu eser 1950-nji ỳylda professor M. Köşäỳew tarapyndan özbaşdak kitap gornüşinde çapa taỳỳarlanylỳar. Ýöne bu kitap köpçülige ýetirilmän saklanylýar.

1951-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 28-29-da M.K.-nyň 1-nji sekretary Suhan Babaýew çykyş edýär. “Gorkut ata” kitaby türkmene ýat, halka duşmançylykly eser diýip ýazgarýar. Dini-milletçi eser diýilip ýazgarylýar.

1989-njy ýylyň Alp Arslan aýynda T.K.P.M.K býurosy “Gorkut ata” kitaby baradaky özüniň ozalky (1951-nji ýylda kabul eden) kararyny ýatyrýar. Bu kararda şeýle diýilýär. 50-nji ýyllaryň başynda türkmen halkynyň medeni we edebi mirasy babatynda belli öte geçmelere ýol berildi. Käbir alymlaryň nädogry düşündirişiniň netijesinde dünýä edebiýatynyň genji hazynalarynyň biri “Däde Gorkudyň kitaby” hamala milletçilikli eser hökmünde häsiýetlendirildi. Bu piker häzirki zaman alymlary tarapyndan ýalana çykaryldy. Eseriň türkmen lhalkynyň milli mirasydygy ylmy taýdan subut edildi diýip bellenilýär.

Beỳik Serdar Atamyzyň ỳolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň türkmeniň geçmiş taryhynyň milli mirasynyň, şol sanda “Gorkut ata” eseriniň alnynda ak gün dogdy. Entek Russiỳanyň deminiň daş ỳarỳan wagty Beỳik Serdarymyz türkmeniň geçmiş medeniỳetini öwrenmäge aỳratyn üns berdi. 1989-njy ỳylda “Gorkut ata” eseri erkinlige çykdy.

“Gorkut ata” eseri 12-i boỳdan ybarat bolup, biziň günlerimize gynansakda doly görnüşinde gelip ỳetmändir. Bu barada Beỳik Ruhy Atamyz özüniň “Türkmeniň bäş eỳỳamynyň ruhy” şadessanynda şeỳle bellenilip geçilỳär: “Bu kitap orta asyrlarda oguz türkmen halkynyň akyl-paỳhasynyň belentligi, dünỳä garaỳşynyň giňligi, durmuş söỳgüsiniň çuňlugydyr. Gynançly ỳere, bu kitap bize dolulygyna gelip ỳetmändir…”.

Diỳmek, “Gorkut Atanyň kitaby” – orta asyrlarda dünỳä boỳunça iň gymmatly, parasatly, pähim-paỳhasyndan doly ajaỳỳp eserdir. Biz häzir bu kitaby çeper eser, edebi gymmatlyk hökmünde öwrenỳäris, okaỳarys. Emma bu kitap öz döwründe çeper eser däl-de, durmuş gollanmasy bolup hyzmat edipdir. Durmuşa gadam basỳan her bir türkmen ỳigidi bu eserdäki serkerdelik, gahrymançylyk, söweş tilsimatlaryny çuň öwrenip, özleşdiripdir. Beỳik Serdarymyz: “Men Oguz ham Türkmene, Gorkut ata, Görogly beg Türkmene, Magtymgula öz döwrüniň milli pygamberleri diỳỳärin. Ine, şu nukdaỳnazardan okasaňyz, Oguznamalara “Gorkut ata” şadessanyna, “Görogly” şadessanyna, Magtymgulynyň şygyrlar diwanyna has çuň, has düỳpli düşünip bilersiňiz” diỳip, biziň gadymy Mukaddes eserlerimiziň okamaklygyň, öwrenmekligiň açaryny görkezỳär.

1999-njy ỳylyň Magtymguly aỳynyň 25-ne Beỳik Serdarymyz “Türkmen halkynyň ỳadygärligi bolan “Gorkut ata” kitabynyň 1500-ỳyllygy mynasybtli geçirilỳän çäreler hakynda karar kabul etdi.

2) Aziýadaky oguz we türkmen taýpalary gaty ir wagtlardan bäri Orta aziýa ýyl ýazgylaryny ýazyjylarynyň, syýahatçylarynyň, geografçylarynyň we lingwistleriň ünsüni özüne çekýär. Bu mesele bilen diňe Gündogar däl eýsem Günbatarda-da gyzyklanma döreýär. Şol dower degişli arap, pars, türk dilinde ýazlan çeşmeler uly ähmiýete eýedir. IX-X asyrlarda ylmyň-medeniýetiň dürli pudaklary uly üstünlikler gazanýar. Uly göwrümli eserler, ýazgylar, ýerli taryhy Maglumatlar beýan edilip başlanýar. Bu zatlaryň ählisine arap halyfatlygy öz täsirini ýetirýär. Onuň tabynlygyndaky halk-da medeniýet täzeden ösüp başlaýar. Ylmyň we medeniýetiň has uly merkezleri Müsürde, Eýranda, Merwde, úrgençde döreýär. Al – Belazuri.

Abu-al-Abbas Ahmet Ibn Ýahýa ibn Jabir Al-Belazuri (820-892ý.) iňňän görnükli arap taryhçysy, asyl gelip çykyşy boýunça eýranly. Ol köşk hyzmatkäri hem-de Halyf al Mutaz-Abdallahyň oglunyň terbiýeçisi eken. Ol “Ýurtlaryň basybalyşlar baradaky kitaby” – (Kitap Tutuh Al-Buldan) ýazýar. Bu eserde Muhammediň ýörişlerinden başlap VIII asyryň başlaryna çenli araplaryň harby ýorişleriniň taryhyn beýan edilýär. Ondaky maglumatlar ilki bilen geografik esasda, soňra bolsa taryhy esasda tabyn edinip, yzygiderli suratda beýan edilipdir. Her bir basylyp alnan ýerler barada aýratyn bölüm ýazylypdyr. Soňra bölümleriň birinde Horasanyň basylyp alnyşy beýan edilýär. Onuň başga-da bir eseri “Asyllylaryň urug taryhynyň kitaby” (“Kitap ansab al-asraf”) biziň günlerimize gelip ýetýär.

“Ýurtlary basyp alyşlar baradaky kitap” diýen işinde Horasany araplaryň basyp alyşlary barada maglumat berýär. Mundan başgada Mary, Jeýhun barada gyzykly maglumatlar berilipdir.

Al-Makdisi.

Al-Makdisi (946-47 – 1000ý.) Irusalimde doglup, yslam ýurtlarynyň ählisine syýahat eden arap geografydyr.

Onuň “Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy boluş” (“Ahsan-Takasim Fi Marifat Al-Akalim”) 985/86 – 989 ýyllarda ýazylan, ýedi klimat boýunça dürli-dürli maglumatlary öz içine alýan kitap bolup, iki bölege bölünýär.

Onuň ikinji bölegi eýranlylaryň ýurduna bagyşlanypdyr. Ol Horasany, Sejestany, Mowerennahry öz içine alýan Gündogar töwereklerini beýan etmekden başlanýar. Ol öz şahsy gözegçiligini öz eserine esas edip alypdyr. Al-Makdisiniň eseri orta asyr Gündogarynyň şol sanda Orta Aziýanyň hem-de Zakawkaziýanyň ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmek üçin örän möhüm çeşmedir.

Al-Makdisi öz eserinde Horezm, Merw, Saragt, Nusaý şäherleri Feraba we Abiwert barada köp maglumatlary berýär.

Mundan başga-da goňşy döwletler bilen alyp baran söwdasy, suwaryş desgalary, dili barada gyzykly we täsirli maglumatlar ýerleşdirilen. Jürjan oblasty barada we gadymy Şahrastan, Abaskun, Hari, Ahur şäherleri barada gürrüň berilýär.

3) Abu-Bair Muhammet ibn Zafar marşahi (899 – 959-njy ýyllar) Orta Aziýanyň taryhçysy. Nartşahiniň “Buharanyň taryhy” diýen eseri (“Narşahiniň taryhy” hökmünde hem mälimdir) Orta Aziýanyň irki taryhy boýünça Buharanyň we onuň sebitlerindäki ýerleriň taryhy hem-de topografiyasy barada möhüm çeşmedir. Awtor arap basybalyjylaryna garşy halk gozgalaňynyň serdary Mukana hakynda gyzykly maglumatlar berýär. VIII asyrlartda Arap halyfatlygynda Ome ýýatlar dinastiýasy (661-750) we apbasitler dinastiýasynyň (746-1258) arasynda göreş başlanýar. Türkmenler omeýýatlara garşy gozgalaň başlaýarlar. Şeýle gozgalaňbizine Mukana baştutanlyk edýär. Onuň hakyky ady Häkimiň ogly Haşim bolýar (Haşim ibn Häkim) Mukana diýmek ýüzi perdeli diýmekdir. Onuň tarapdarlaryny bolsa “ak labyslylar” diýip atlandyrýarlar.

Eserde boýdan başa Mukananyň ýaşlygyndan başlap ölşine çenli gürrüň berilýär. Onuň özüni hudaý saýyşy, ele düşüp bagdat türmesine salnyşy, 776 ýylda Buharanyň Narşah obasynda Mukananyň gozgalaňçylary bilen araplaryň arasyndaky söweş barada, Mukananyň gurduran galasy we onuň aýallary barad çeper beýan edilýär. 783ý Buharada, Samarkantda, Kaşgaderýa sebitlerinde gozgalaňlar bolup araplardan ýenilýärler. Diri galanlary jezalandyrylýar. Mukana ýesir düşmejek bolup lowlap ýanýan oduň içine özüni oklaýar.

Gündogaryň iň beýik alymlarynyň biri Abu Reýhan al-Biruni hem Mukananyň baştutanlygynda bolup geçen halk hereketi hakynda taryhy eser döredipdir.

13 Oktýabr 2018, 19:16
Teswirler