• ÝAGŞYLYGA WE SOWGADA ALKYŞ WE ŞÜKÜR

* Pygamberimiziň aýdany: «Adamlaryň gadyryny bilmeýän, Hudaýa şükür etmez. Azyň gadyryny bilmeýän, köpe şükür etmez. Allanyň bagyş eden nygmatlaryny ýatlap gürlemek — şükür, bilmediksirän bolmaklyk — küpürdir».

* Japar Sadygyň aýdany: «Alla kime nygmat eçilse, ol hem muny ile äşgär etmän, ýürekden şükür etmegi niýet eden bolsa hem, ol artykmaç nygmata mynasypdyr. Esasy zat nygmata şükür etmekdir».

* Sufýanyň aýdany: «Hudaýyň bagyş eden nygmatlaryna şükür ediň. Şükür edilse, nygmatyň zowaly[1] bolmaz, gadyry bilinmese, dowamy bolmaz».

* Hasanyň aýdany: «Adam ogullarynyň günäsi, Hudaýyň özi bagyşlaýmasa, ýuwup gutarardan kändir. Hudaýyň Adam ogullaryna eçilen nygmaty, özi goldamasa, şükür ederden köpdür».

* Pygamberimiziň aýdany: «Nygmat bagyş edilen adam, şol nygmaty Hudaýyň ýetirendigine ynanýan bolsa, Alla onuň şükürini ýazar. Bir dinarlyk don alan adam ony geýip durka: «Hudaýa şükür» diýse, dony egnine atýança, Hudaý onuň günälerini bagyşlar».

* Hasanyň aýdany: «Hudaýyň bagyş eden nygmatynyň gadyryny bilip, derde duşmadym — dini ynanjymda yllat[2] goýmady, uly dertlere duçar etmedi, sabyr etmekden saklamady.

Meni bu işleriň sogabyndan umydygär etdi».

* Käbir danalaryň aýdany: «Ýagşylygyň gaýtargysyny bermäge gurbuň ýetmese, ony edene minnetdar bol. Şeýtseň, üstüňdäki borjy bitirersiň we nygmatyň köpelmegine sebäp bolarsyň».

* Ahmet ibn Ýusup Kätip käbir dostlaryna hat ýazanda: «Işli wagtyň gadyryňy bilýän adam, boş wagtyň ýagşylyk edeniňe degýändir» diýip, ýazýan eken.

* Abu Harunyň aýdany: «Käbir ýagşy adamlaryň ýanyna girip, gözüň şüküri näme?» diýip soranymda, olar: «Gözüň şüküri ýagşy zady görseň ýaýyp, ýaman zady örtmekdir. Gulagyň şüküri, ýagşy zady eşitseň ýat bekläp, ýaman zady unutmakdyr. Eliň şüküri, haky bolmadyk zady almazlyk we olardaky Hudaýyň hakyny köýdürmezlikdir. Garnyň şüküri, başy—bilip iýmek, soňy—sabyr etmekdir. Uýat ýeriň şüküri, Allatagalanyň aýdyşy ýaly: «Meger öz jübüti — halallaryndan we golastyndaky gyrnaklaryndan saklanmaýarlar. Bes, olara melamat edilmez[3]» diýlişi ýalydyr. Eger şu zatlary doly ýerine ýetirseň, onda sen hakyky şükürli we dogruçyl adamsyň. Emma, dili bilen şükür edip, süňňi bilen bitirmeýän, hojasynyň beren donuna ýeňini sokup, geýip bilmän ýören bendesi ýalydyr».

* Aly ibn Jebeläniň aýdany: Abu Dulef Kasym ibn Isa Tusynyňka aýlanmaga gitdim. Ol öýe girenimden, güler ýüz bilen garşylardy, ýagşylyk etmän bolsa daş çykarmazdy. Bu ýagdaý uzaga çekensoň, köp yhsan edýänliginden utanyp, birnäçe günläp oňa görünmän gezdim. Bir gün ol ýanyma, dogany Makgyly iberipdir. Öýümde otyrkam, ol ýanyma girdi we ýazgaryjylyk äheňi bilen: «Neçün bizden uzaklaşdyň we görünmediň? Saňa eden ýagşylygymyzyň üstüni dolduryp, kämil etjekdik» diýdi. Men oňa şeýle hat ýazyp ugratdym*:

«Senden gaýtdym. Ýöne meniň bu gaýdyşym, seniň beren nygmatyňdan ýüz öwürdigim däldir. Nygmatdan ýüz öwrüp ony artdyryp bolmaýar. Ýöne, size baramda, maňa biçak yhsan etdiňiz we oňa minnetdarlyk aýdardan men ejiz boldum. Mundan beýläk iki aýda ýa-da aýda bir günlük, seniň ýanyňa salama bararyn. Eger-de ýene artyk ýagşylyk etseň, men ony ödäp bilmän, naýynsap bolup galmaýyn. Soň meni öz ýanyňda görmersiň» diýdim.

Haçanda hat eline gowşanda, ol okap görüp: «Şeýle güne düşmeden Hudaý daş etsin, gör nähili gowy setirler, inçe sözler, diýesi gelen zadyňy gowy edip aýtmaklyk» diýipdir. Soňra kömekçisine syýa getirmegi tabşyrypdyr we dessine, pikirlenmezden jogabyny ýazmaga oturypdyr. Sebäbi Abu Dulef jogaby taýyn adamlardandy. Ol*:

«Geçip barýan ötegçini güler ýüz bilen garşyladym. Zyýapatdan öň oňa köp mähir etdim. Meni umytlap gelipdir. Heý-de gelen adamy adatdan-däpden çykyp, tagamsyz goýmak bolarmy?! Men diňe onuň ýagşylygyna hezzet bilen jogap berdim. Tä ömri ötýänçä oňa yhsanymy gaýgyrmaryn. Ol bolsa asyra aşjak öwgi bilen hezzetledi. Meniň ondan gören bähbidim örän oňat boldy. Men diňe onuň öwgüsiniň öwezini dolupdym» diýip ýazypdyr.

* Zurrymmadan*:

«Onuň maňa ýardamyny küpür saýamok,

Nygmatyň gadyryny bilmezlik küpür.

Bir mekanda düşlesem, ýüzüni çytmaz,

Ne boş oturar, ne ýamanlyk eder.

Magrur, dindar, samsyk, ynamdar, jaňçy-

Olaryň barysyna haýyr-yhsan eder».

* Abu Nuwasdan*:

«Maňa nygmat berip, güýje getirdiň,

Berkitdiň diregim, ysgyndan gaçan.

Häzirlikçe maňa ýagşylyk etme,

Öňküleň şükrüne ýeterin haçan».

* Mahmyt Warrakdan*:

«Hudaýyň nygmatyna nygmat bilen jogap bermek hakyky şükürdir. Ýagşylyk edilse şükür etmek wajypdyr. Üstünden gün geçip, aý aýlansa-da, edilen ýagşylyga sagbolsun aýtmagy unutma».

* Başga birinden*:

«Ýagşylyga şükür edýän adamlar bilen, bu ýagşylygyň gadyryny bilmeýänler, edil käbir ekerançylar ýalydyr. Eger ýer gowy bolsa, ýagşylyk oňat biter, ýer şor bolsa, näçe haýyr sepeläniňde hem, hiç zat bitmez. Gadyrbilmezlere edilen ýagşylyk bilen, şükranalara edilen kömek, edil amanat goýlan zat ýalydyr. Gadyrbilmezler ony zaýalar, şükranalar abat saklar».

* Ahmet ibn Musadan*: «Her bir kynçylykda çykalga bar. Bu zatlara akyl etmeseň, ýürekden uýmasaň, ýazykly bolup galarsyň. Hudaýyň beren nygmatlaryny ýatlap ýamanlykdan, şowsuzlykdan gorandym. Ol nygmatlar bilen üstümi örtdüm, bezendim. Allanyň gör näçe nygmatlary bar, ýöne biz ýatýas, turýas, olaryň köpüsine ähmiýet bermeýäris».

* Şebip ibn Şepbanyň aýdany: «Mansuryň ýanyna giremde, ol maňa: «Eý, Şebip, gowy zady gysgaça wagyz edip ber!» diýdi. Men: «Eý, möminleriň emiri, şükür etmek babatda özüňden ýokarda birini goýmagyňdan Hudaý razy bolmaz. Sen iň şükranaly adam bolup, Hudaýy razy et. Sen şükür edýänleriň iň beýigi bol!» diýdim. Ol maňa: «Bu aýdanyň dogrudanam gysga, ýöne manyly» diýdi.

* Alym adamlaryň biri Abu Apbasyň ýanyna giripdir. Abu Apbas onuň ýanyna gelipdir we bir gymmatbaha serpaý bermeklerini buýrupdyr. Alym adam: «Eý, möminleriň emiri, dadyňa Alla ýetişsin. Eger beren zatlaryňa şükür etjek bolsak, Hudaýyň biziň mertebämizi seniňkiden pes edişi ýaly, oňa minnetdarlygymyz hem kemlik eder. Emma Allatagala hormaty saňa, pesligi bize bagyş edipdir. Minnetdarlygymyzyň kemligi üçin bolsa, bizi artyk nygmatdan mahrum etmedi» diýipdir.

* Wehbiň aýdany: «Allatagala Dawut alaýhyssalama wahyý inderende: «Nygmatyma şükür et» diýdi. Dawut: «Eý, Hudaý, nygmatyňa nädip şükür edeýin? Saňa edýän şükürim hem seniň beren nygmatyň ahyry» diýende, «Eý, Dawut, indi sen şükür edýänleriň mertebesine gowuşdyň» diýip, Allatagala aýdypdyr.

* «Kalila» eseriniň awtory şeýle diýdi: «Gadyrbilmeze aýdylan nesihat, şor ýere sepilen tohum ýalydyr».

* Käbir edebiýatçylaryň aýdany: «Dostunyň ýagşy niýetine şükür etmeýän adam, onuň bol serpaýynyň hem gadyryny bilmez».

* Abu Temmamdan*: «Seniň ýagşylygyňy lybas edip egnime atdym we oňa kemsiz bürendim. Ol edil täze geýimiň zynaty ýaly ýalpyldap dur. Ol edil şükür edýän adamyň ýardamçysynyň gaşyna baryp, çeper dil bilen ony öwüşi ýaly gelşikli».

* Başga birinden*:

«Şygrym bilen wasp edere, dilim asgyn gelýär,

Bitiren işlerňe ýetenok öwgi.

Şygyr bilen aýtsam, bärden gaýdaryn,

Söz bilen ýetirmek, ýene-de görgi.

Azaşyp giderin seň alkyşyňda,

Soňra tapyp bilmen sagy-solumy.

Seniň ýagşylygyň mukdary ýaly,

Minnetdar bolmakdan ejiz men häli».

* Sabyk Berberiden*:

«Abraýyň uly, mekanyň beýik duýlanda,

Görmedik, tarypdan ýüz öwren ýigdi.

Hat-da Alla gullaryna buýranda,

«Eý yns-u jyn maňa şükür ediň» diýdi».

* Ybraýym As-Sulydan*:

« Menden ýagşylygyn gysganýan adam,

Ýaýylyp dur saňa ötünjim-özrüm.

Gysylmaryn haýrym, ýöne näşüküriň,

Gaşyna barmaga meýl etmez göwnüm».

* Turaýh ibn Ysmaýyl Sakafydan*:

«Eden ýagşylygyň üçin, alkyş aýtmaga oturdym,

Şükür etsem-de her näçe, bar yhlasym kem geldi.

Sen ýene-de dessine hoşluk serpaýyn ýapýaň,

Ýetilmedik taryplar gat-gat bolup jemlendi».

* Başga birinden*:

«Sahawatly eliň maňa köp maly gurban etdi,

Ol sandan, hasapdan, şükürden köpdür.

Olaryň içinde ebedilige çenli

Alkyş aýdylmadygy ýokdur».

* Ibn Tabataba Alawydan*:

«Ömrümden söz berýän, eden kömegiň,

Ömrüme köp ýagşy ýatlama berdi.

Gadryň bilmän, şükür etmän dursamam,

Barybir abraýyň galar giderdi».

* Abulferej Bepbegadan*: «Sen bu zatlary, ilki wada bermezden berdiň. Bu zatlaryň öwezini şükür bilen doldurardan örän ejizdirin. Ol ýagşylyklaryň ýanynda, meniň bu alkyşym, mazara äkidilip barýän adamyň ähmiýeti ýalydyr. Edilen ýagşylyk üçin ýakyn-u alysdaka şükür etmek wajypdyr».

* Basraly Abulkasym Aly ibn Hemzäniň aýdany: «Ubaýdulla ibn Horasan bir jamy sowgatdan dolduryp, Abu Taýýyp Mütenepbä iberipdir. Mütenepbi jamy yzyna gaýtaranda, oňa şeýle setirleri ýazypdyr*:

«Kemeweri. Ýogsa siziň peşgeşiňize biziň söýgimiz ýeterlik bolmaz. Serpaýyň ýardamdan aşyp, ýagşylyk çäginden geçdi gitdi. Sen ony dolduryp sowgat iberen bolsaň, biz ony alkyşdan dolduryp saňa gaýtarýarys. Onuň içi boş bolsa-da, gyrasyndan alkyşlarymyz dökülip durandyr».

* Ibn Rumydan*: «Bu zatlara öň ähmiýet bermedigim üçin ökünýärin we indi ähli nygmata şükür edýärin. Bu beýik nygmat bagyşlaýja, göze görünýän we görünmeýän ähli zatlar alkyş aýdýar».

* Ýene şeýle diýdi*: « Seniň ýagşy ahlagy isleýändigiňi bildim. Gije-gündiz päk gylyk üçin yhlas edýärsiň. Iberen yhsanyň göwnüme ýarady. Maňa eden ähli sowgadyň üçin saňa alkyşlar bile serpaý ýapýaryn. Bu alkyşlarymyň gyralary, umytdan doly bolsa-da, bir zady bilmek lazym: Kabul edeniňde ýeňil ýaly ýagşylygy, göternip gezmek agyr düşäýmesin».

* Ahmet ibn Ýusup käbirlerine hat ýazanda: «Seniň yhlasyň serpaý ýapardan we alkyş aýdardan has beýikde» diýip ýazypdyr.

* Buhturydan*: «Eger adamyň aýdýan minnetdarlygy, ynsan keşbine girip bilýän bolsa, men şonuň keşbine girip, gaşyňa barardym. Sen bolsa meniň owadanlygymy, syratymy-zynatymy görüp, saňa nähili minnetdardygymy bilerdiň. Ýöne, ynsabyň içnde gizlenen zady, diňe ynsabyň bilen duýmaly bolýar».

* Ibn Bessamdan*: «Gözel nygmatyň üçin, bütin süňňüm bilen alkyş aýdýaryn.

Gulagym, gözüm, ellerim bilen aýdýaryn. Kalbym bilen, egri gapyrgam bilen aýdýaryn, ýöne şükür edip, yzyndan ýetip bilmeýärin».

2) «*Etmekçi bolan ýagşylyklaryň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Çünki ýagşy niýet etmegiň özi ýagşylykdyr. Eger, bu zatlar hasyl bolman galsa-da, men seni ýazgarmaryn. Çünki ähli zat takdyr edilen ýazga görä sowulýandyr».

* Başga birinden*:

«Sorap gelýäne berýär hem şükür edýär,

Şükri onuň öwezine, baýlygy bolsa mugtuna gidýär».

* Abu Nuhaýlynyň Mesleme ibn Abdylmälik hakda aýdany*: «Saňa şükür etdim, sebäbi şükür —takwalygyň we her bir ýagşylygyň ornuny tutýan mäkäm bir ýüpdür».

 

29 Noýabr 2018, 21:28
Teswirler