26 Fewral 2019, 00:09
  • Ene

Gurbandurdy Gurbansähedow. “Ene”

Soranmyş bir wagt aý güne bakyp,

Dünýäniň görki ne aýdyp bersene?!

Gün hem diýenmiş nuruny dökip:

“Dünýäniň bar görki enedir ene”

Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp,

Dünýäniň berki ne aýdyp bersene?!

Suw hem diýenmiş şarlaýyp akyp:“

Dünýäniň bar berki enedir ene”

Soranmyş boz gulan bir ata bakyp,

Dünýäniň örki ne aýdyp bersene?!

At hem diýenmiş jülgeler söküp:“

Dünýäniň bar örki enedir ene”

Soranmyş bir ene şahyra bakyp,

Dünýäniň durky ne aýdyp bersene?!

Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:“

Dünýäniň bar durky ene sen ene”

Teswirler