01 Mart 2019, 13:29
  • Mertebesi belent Ýolbaşçy: Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Ikinji Ädimi

Eýranyň yslam ynkylabynyň 40-njy ýyllygy mynasybetli mertebesi belent ýolbaşçy Eýran milletine garap ynkylabyň ikinji ädimi adyndaky beýannamasyny çykardylar.

 Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçy Aýatolla hameneýi Hezretleri ýaňky beýannamasynda Eýran milletiniň yslam ynkylabyny kuwwatly we şol bir wagtda mähriban, geçirimli we hatda mazlum hasaplamak bilen Eýranyň yslam ynkylaby hiç bir dawada hatda Amerika we saddamyň garaşysynda birinji oky atandäldir we mydama duşmanyň hüjüminden soňra özüni gorandyr we elbetde mäkämräk gaýtawul berendir diýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçy Aýatolla hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Eýranyň durnuklylygy, howpsuzlygy, toprak bitewiligi we serhetleriniň howpsuzlygy esasy düýpgurluşyklaryň  döredilmegi, ykdysady we abadançylyk çäreler ilatyň syýasy işlere şol sanda saýlawlara goşulyşynyň artdyrylmagy , ilatynyň syýasy garaýşynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdyň umumy mümkinçilikleriniň deň paýlanmagy, köpçülikde dindarlygyň we ahlagyň ýokarlandyrylmagy we ezijileriň we zoraýdyjylaryň garşysyndaky çydamlylygyň pugtalandyrylmagy Eýranyň yslam ynkylabynyň gazananlarynyň çäklije bölümini ybaratlaýandyr diýip beýan etdiler.

şu gün Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçy Aýatolla hameneýi Hezretleri sargydynyň dowamynda kuwwatly Eýran , ynkylabyň başynda bolşy ýaly durmuşky ýagdaýda hem ezijileriň çalyşlaryna gabat gelip durandyr diýmek bilen ynkylabyň başynda Amerika bilen bolan çalyşymyz kesekileriň öňünde durmak ýada sionist režimiň Tehrandaky ilçihanasyny baglamak ýada Amerikanyň içalylyk merkezi bolan ilçihanasyny eýelemek bolan bolsa bu günki gün ýüze çykyp duran çalyş kuwwatly Eýranyň sionist režiminiň serhetlerindäkli huzury, Amerikanyň Azizýanyň günbataryndan çykmagy we Eýran yslam respublikasynyň Palestinaly söweşijilere berýän goldawlary we bu sebitde çydam toplumynyň we Hezbollanyň baýdagynyň dikeldilmegibaradadyr diýip nygtadylar.

şu gün Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçy Aýatolla hameneýi Hezretleri sargydynyň dowamynda şeýle-de ylym we barlag işleri, magnawyýet we ahlak, ykdysadyýet we adalat, pysatçylyga we bidüzgüçilige garşy göreşmek, garaşsyzlyk we erkinlikm milli abraý, daşary gatnbaşyklary, duşman bilen araçägiňi belli etmek  hemde ýaşaýyş şiwesi barada Eýran milletine öz tabşyryklaryny berdiler.

Teswirler