01 Mart 2019, 15:06
  • Nähili ene-ataňyz bilen gürrüňdeş bolup bolar?

Siz öz ene-ataňyz bilen näme barada gürrüňdeş bolýarsyňyz?

 Belki mekdepde bolup geçen wakalar barada ýa-da öý işleriňiz baradadyr? Şahsy maslahat almak üçin bolsa belki-de olara ýüzlenmek isleýän dalsiňiz. Emma bu mümkinçiligi hut olara berseňiz, onda boljak netijä haýran galmagyňyz hem mümkin.

Edil ene-ataňyz ýaly size söýgisini we mährini siňdirip, aladaňyzy etjek hiç bir adam ýokdur - hatda siz olardan daşlaşjak bolup jan etseňiz hem diýip, psiholog lukmanlar nygtaýar.

Ene-ataňyz bilen gepleşmek siziň özüňizi ýene-de çaga ýaly alyp barýandygyňyzy asla aňlatmaýar. Siz olaryň pikirini sorarsyňyz, belki kä wagt siz olar bilen ylalaşmarsyňyz.  Ýöne ene-ataňyz bilen gürrüňdeş bolmagyň siz üçin bähbitlidigine göz ýetirersiňiz.....Indi näme gürrüňlerden başlasaňyz gowy bolarka?

 

1-nji maslahat: Gürrüňiňizi ähmiýeti uly bolmadyk mowzuklardan başlaň.

2-nji maslahat: “Synanyşyk şarlaryny uçurmak" tärinden peýdalanyň.

3-nji maslahat: Gepleşikden näme netije almak isleýändigiňizi anyk biliň.

4-nji maslahat: Ene-ataňyzyň haýsy-da bolsa biri bilen gürrüňdeş bolmagy nazarda tutuň.

5-nji maslahat: Aýtjak sözleriňizi, delilleriňizi huşgärlik bilen ulanyň.

6-njy maslahat: Amatly wagtyny we amatly ýerini saýlap almaly.

7-nji maslahat: Ene-ataňyz siziň bilen gürleşip otyrkalar diňlemegi başaryň.

8-nji maslahat: Özüňiziň ynam bildirýän başga bir uly adamlaryňyzy tapyň.

Teswirler