15 Mart 2019, 21:02
  • Nowruz älem ylhamy

Ylham diýmek näme? - diýen sowala jogap bermek netijesinde, ol baradaky giňişleýin kesgitlemä, delile eýe bolmak mümkin. Ylham diýmek - ol oýlap tapyş ýa-da täze-täze döredijilik gözleglerini ýüze çykarmak.

Ylham diýmek - ol sungat bolup ýaşamak.

Ylham diýmek - ol joşgun. Ynsan göwünleriniň göçgüni. Ynsan köňli özüni, daş - töweregini gurşap alan şatlykdan, begençden joşa gelende, derýa bolup çyrpynýar. Akar bolup tolkunýar. Däli deňiz, umman, bolup galkynýar.

Ylham diýmek - ol duýgy, gaýgy, söýgi. Ynsan kalbynda şahyrana duýgular süýjän mahalynda, goşgy - gazal bolup, aýdym - saz, owaz bolup ýaňlanýar.

Ylham ol ynsan göwünleriniň läle - reýhan, gül - gülzar bolup, öz içinden açylmagy.

Bir söz bilen aýdylanda, ylham - bu gözellik. „Paýhas - paýhasy oýarar“ diýilişi ýaly, ylham gözelligi döredýär. Gözellik hem öz gezeginde ylhamy döredýär. Bu iki ahwalat ruhyýete özboluşly sazlaşyk, ýakymly öwüşgin bagyş edýär. Şu iki sazlaşyk, umumy bitewilige eýe bolan pursatynda, hakyky gudrat kemala gelýär.

Diýmek, ylham - bu gudrat.

Ylham hakynda söz açylanda, ony diňe şahyрlaryň ruhy dünýäsi bilen baglanyşdyrmak bilen çäklenmek bolmaz. Ylham, haýsy hünäriň eýesidigiňe garamazdan, ähli ynsan kalbyna mahsus bolan näzik duýgydyr.

Aýdaly halyçynyň kalby ylhamdan püre - pür bolan mahaly, ol dokaýan halylaryna adaty bolmadyk, üýtgeşik çitimleri çitip, owadan nagyşlary dokaýar. Sungat adamsy ylham atyna atlanan  çagy - hakyky sungat eseri döreýär. Binagär şeýle halata uçran halatynda, gözellikde biri - birini gaýtalamaýan ajaýyp ymaratlary, köşgi - eýwanlary, galalary gurýar.

Ylhamlanma ene topraga, tebigata hem mahsusdyr. Haçan-da, ýer direlip, sowuk çekilende zemin gyş ukusyndan oýanýar. Onuň ykbalynda gülşen öwrülişikler bolup geçýär. Pyntyklan nahallar, gül - gün çalar açylyp daş - töwerege özboluşly gözellik bagyşlaýar. Buzy erän suwlaryň tolkunlarynyň möwji artyp, biri - birini kowalap akarlara goşulýar. Baglar, düzler, baýyrlar tutuş tebigat ýaşyl begres geýinýär. Goýun - guzylaryň mäleýşi, guşjagazlaryň saýraýşy tebigata öz täsirini ýetirýär. Çäksiz ylhama ganatlanan tebigat saba ýel bolup hiňlenýär, mahmal şemal bolup owazlanýar. Mukam bolup daglara ýaň salýar. Gaýadan gaýa degip beleň alan ajaýyp owaz arş astynda perwaz urýar. Tebigatyň jadylaýjy owazyna  melul bolan baglar başlaryny yrap, ýapraklary hiňlenip aýdym aýdýar. Al - elwan öwüsýän güller enaýy pyrlanyp tans edýär. Bilbiller şadyýan saýraýar. Akar suwuň aýdymy kalbyňy heýjana salýar. Bütin tebigat aýdym aýdyp, tans edýär. Agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, bir bitewi milletligiň, özbaşdak döwletliligiň nyşany hökmünde al - asmanda erkana pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyz hem bagtyýarlykdan ýaňa pyrlanyp - pyrlanyp tans edýär.  

Magtymguly Pyragynyň «Ýerde Nowruz hormaty» diýip wasp edişi, Şabendäniň bolsa «Geldi nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün» diýip taryplaýşy ýaly köňüllerde, ýüreklerde, ähli ýerde gözellik. Astronomik sebäpleriň netijesinde gije gysgalyp gündizler uzaýar. Tebigatyň bu ylhamlanmasynyň heseri Babadaýhany hem öz erkine goýmaýar. Eline pilini alyp, tebigatyň aýdymyna goşulyp, täze hasylyň aladasyna girişýär. Goýun - guzylaryny örä goýberen çopan ylhamyna bäs gelip bilmän, gury gamyşdan tüýdük ýasandy. Gamyş tüýdügiň owazy, ho - ol uzakda otlap ýören ak aty çarpaýa galdyrdy. Şeýdip ynsan ylhamlanmasy bilen tebigat ylhamlanmasy özboluşly sazlaşyk emele getirip, Mukaddes «Awesta» kitabyndaky:

         «Ýerem, Suwam, Asmanam,

         Gülem, Guşam, Ynsanam

         Beýik Günüň balasy.

         Bir - biregi agyrtmaň,

         Bir - biregi ynjytmaň,

         O1 Nowruzdan bu Nowruza,

         Eşidilmesin nalasy»

 

diýen aýdymy bolup ýaňlandy. Köneürgençde ýaşap geçen ildeşimiz beýik akyldar alym Abu Reýhan al Birunynyň: «Horasanyň ilaty Nowruzy adamzadyň döremegi bilen baglanyşdyrýar. Bu gün Ferwerdin (ilkinji aý) aýynyň hurmuz gü­ni gije bilen gündiziň deňleşen güni hasaplanýar. Bu baýram bütin türki halklarynyň baýramydyr. Olar Nowruzdan iki gün öň, öýlerini arassalap, keçelerini, halylaryny kakyşdyryp, päkizeläpdirler. Diňe soňky gün tagamly naharlar taýýarlap, goňşular bir - birine äkidipdirler» diýip, ýazgyda galdyran sözleri bolup eşdildi.

Teswirler