Feb 23, 2021 15:33 Asia/Ashgabat
  • Yslam ynkylabynyň ýokary lideri, Eýranyň ýadro meselesindäki tutumyny nygtaýarlar

"Eýran Yslam Respublikasy, beýleki ýagdaýlardaky ýaly ýadro meselesinde yza çekilmez we şu gün we ertir ýurduň bähbidine we mätäçligine gönükdirilen ugurda güýç bilen öňe gider"diýip Yslam ynkylabynyň ýokary lideri beýan etdiler .

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, duşenbe güni agşam ýolbaşçylyk Hübralar Mejlisiň maslahatynda , ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň Eýran baradaky soňky edebiýatyny ulumsy, ygtybarsyz we adalatsyz hasaplap,"Bu edebiýatyň netijesi olaryň diňe Eýran halky tarapyndan ýigrenilmegine sebäp boljakdygyny,Şol bir wagtyň özünde Yslam respublikasy ýadro meselesindäki paýhasly pozisiýasyndan yza çekilmejekdigini we ýurduň bähbitlerine we zerurlyklaryna esaslanyp urany 60% baýlaşdyrars diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: ýadro meselesi bahanadyr, olar Hat-da Eýranyň güýç  gudratyny  almak isleýänligi sebäpli Eýranyň adaty ýaraglara girmegine hem garşy çykýarlar diýdiler.Hezretleri Aýatolla Hameneý: "Yslam respublikasynyň ýadro ýaragyny gurmagyna päsgel berýän zat, adaty adamlary öldürýän islendik ýaragyň, ýadro ýa-da himiki gurluşygy gadagan edýän yslam pikiri we ýörelgeleridir diýdiler. ABŞ-nyň atom partlamasynda 220,000 adamyň gyrylmagyny, şeýle hem Ýemeniň ezilen halkynyň gabawyny we Günbatar tarapyndan gurlan söweş uçarlary tarapyndan bazarlary, hassahanalary we mekdepleri bombalamagy ýada saldylar: "Parahat ilaty we bigünä adamlary öldürmek bu Amerikan we Günbatar usulydyr we Yslam respublikasy bu usuly kabul etmeýär diýdiler. Yslam ynkylabynyň ýokary lideri "Şol bir wagtyň özünde halkara sionist masgarabaz, Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge ýol bermeris diýýär, şol bir wagtyň özünde Yslam respublikasy ýadro ýaragyny edinmek kararyna gelse, ol we ondan ulyragy hem öňüni alyp bilmejkdygyny" aýtdylar. Hezretleriň beýanynda iki möhüm nokat bar: Birinji nokat, ýadro meselesine makro nukdaýnazardan garamak we Eýranyň ýadro ylmyndaky iň soňky nokadyny parahatçylykly maksatlara çemeleşmek bilen düşündirmek. Şunuň bilen baglylykda, Ynkylapyň ýokary lideri, ýadro elektrik stansiýalarynyň ýakyn wagtda sagdyn, arassa we arzan energiýa üpjün etmek arkaly iň möhüm energiýa çeşmeleriniň birine öwrüljekdigini aýdyp, ýurdy baýlaşdyrmagyň zerurlygy diýip atlandyrdylar.  ikinji nokat, kanuny ýörelge hökmünde hökmany bolan Eýranyň Yslam şura mejlisiniň kararydyr. Ynkylapyň ýokary lideri hem bu meselede şeýle diýdiler: parlament kanuny tassyklady we hökümet ony makullady, düýnki güne çenli edilmeli zatlary etdi, Hudaý islese, bu kanunyň başga bir işi ertir ediler diýip nygtadylar .  

 

 

Tags