Feb 24, 2021 15:55 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ABŞ-nyň täze administrasiýasy ykdysady terrorçylygy derrew bes etmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerikanyň täze döwletiniň ykdysady terrorçylyk amallaryny derrew bes etmelidigini aýtdy.

Hasan Ruhani şu gün hökümet geňeşiniň mejlisinde dünýäniň şaýylarynyň ilkinji ymamy bolan Ymam Alynyň (AS) mübärek doglan gününi gutlap biz ýadro ylalaşygyna gol çekdik we bu meselede gowy hereket etdik we öz wadamyzda durduk, ýöne özüňiz kazawat ediň, ähliňiz öz wadalaryňyzy ýerine ýetirmediňiz; Amerika asla wadasynda tapylmady, galanlary-da şeýle diýmek bilen Eýrandan başga hiç bir ýurt bu şertnamany doly ýerine ýetirmedi diýdi.

Ruhani sözleriniň dowamynda biz henizem ýadro ylalaşygyň güýçli bolmagyny isleýäris, emma häzirki wagtda ýadro ylalaşygyň ýaşamagynyň we täsirli bolmagynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady terrorçylygy bes etmegine esaslanýandygyny aýtmak bilen biz şertden gürrüň etmeýäris we köp islegimiz hem ýok. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu şertnamany berjaý etmelidi we hereket etmelidi, ýöne ozalky hökümet ondan çykdy, ýöne bu hökümet öňki hökümetiň ýalňyşandygyny bilýändir diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Ýewropa Troikasyny biziň ýurdumyza juda bergili hasaplady we şeýle diýdi: Üç ýyl garaşdyk, olar Eýran üçin hiç zat etmediler.