Feb 24, 2021 16:21 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Täjigistanyň Gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri bilen Täjigistanyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Abdul Reza Rahmani Fazli bilen Ymam Ali Rahmanyň arasyndaky duşuşykda iki tarap Täjigistan-Eýran ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň aýry-aýry taraplaryny, hususan-da iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda Ymam Ali Rehman Täjigistan we Eýran häkimiýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin amatly esas döreden gol çekilen howpsuzlyk resminamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň we Täjigistanyň ýokary derejeli resmileri bu duşuşykda häzirki halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tags