Feb 24, 2021 16:50 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýran Ýemeniň mazlum halkyny goldaýar

Eýranyň daşary işler ministri Tähranyň Ýemen halkyna garşy el-gatyjylygy bes etjek islendik çäräni goldaýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Ýemen krizisini çözmek boýunça tagallalaryň dowam edýändigini aýtmak bilen Tähranyň Ýemen halkyna garşy agressiýany bes etjek islendik çäräni goldaýandygyny aýtdy.

Sişenbe güni Tähranda Al-Masira teleýaýlymyna beren interwýusynda Zarif, ynsanperwerlik krizisini çözmek maksady bilen Ýemen halkyna garşy gabawyň ýatyrylmagy we atyşygyň bes edilmegini Ýemen meselesiniň gutarnykly çözülmeginiň başlangyjydygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýemen halkyna berýän goldawynyň ezilenlere goldaw bermek zerurlygyndan gelip çykýandygyny aýtdy.