Feb 25, 2021 11:48 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Damaskdaky Siriýanyň resmileri bilen pikir alyşdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary çarşenbe güni Damaskda Siriýanyň Daşary işler we maglumat ministrleri bilen duşuşdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh we Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad ikitaraplaýyn gatnaşyklary we olary güýçlendirmek we ösdürmegiň ýollary, esasanam syýasy, metbugat, ylmy we medeni ugurlarda pikir alyşmak üçin duşuşdylar.

şu habara görä iki tarap sebitde bolup geçýän wakalar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin iki derejedäki iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we geňeşmeleri berkitmegiň ähmiýeti barada-da pikir alyşdylar.