Feb 25, 2021 11:54 Asia/Ashgabat
  • Taht-e Rawançi: Eýrana garşy sanksiýalar ýakyn üç aýyň içinde ýatyrylmaly

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili çarşenbe güni agşam Waşingtonyň ýadro ylalaşygyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin gaýdyp gelmegi üçin gepleşikleriň zerurlygynyň ýokdugyny aýdyp Eýrana garşy sanksiýalar ýakyn üç aýyň içinde ýatyrylmalydyr diýip nygtady. Majid Taht-e Rawançi "Al Jazeera" habar gullugyna "Eýrana garşy sanksiýalar öňümizdäki üç aýyň dowamynda ýatyrylmasa, Tehran öz ygrary esasynda amal eder diýdi.