Mar 02, 2021 18:17 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Amerikanyň ýadro şertnamasyna gaýdyp barmakdan başga çäresi ýokdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary iň ýokary basyş syýasatynyň başa barmandygyny we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyna gaýdyp barmakdan başga alajynyň ýokdugyny aýtdy.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň metbugat sekretary "Ali Rabiei" sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda: Daşary syýasatda döwlet logika esaslanýan kararlar berdi we şol deslapdan sanksiýalary ýatyrmaga synanyşdy.

Rabiei şeýle-de BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen Eýrany howply görkezmek boýunça taslamany bozduk diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat wekili sözleriniň dowamynda Amerikalylaryň boýun alşy ýaly häzirki wagtda iň ýokary basyş syýasaty başa barmady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmeginden başga ýoly ýokdyr diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ýadro ylalaşygyna agzalarynyň Eýran we ABŞ bilen resmi däl duşuşygy geçirmek baradaky teklibinden soň, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh ABŞ-nyň we üç Ýewropa ýurdunyň soňky pozisiýalaryny we hereketlerini göz öňünde tutup, Eýranyň teklip edilýän resmi däl ýygnak geçirmek üçin wagty mynasip bilmeýändigini aýtdy.

Tags